“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni toý-baýramlara, şatlykly, buýsançly pursatlara beslenýär.
Ynha ýakynda türkmen halky Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toý-baýramy uly ruhybelentlik bilen belläp geçdiler. Üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda şanly Garaşsyzlygymyzy 35 ýyllyk ýubileý toýuna bagyşlanyp geçilen ýurt we halkara derejesinde bellenip geçilen maslahatlar, sergiler, forumlar ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň içinde ýeten sebgitlerini, halk üçin döredilen giň şertleri, döredilen mümkinçilikleri, halkara derejesinde gazanýan üstünliklerimizi doly açyp görkezdi. Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatlyu Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlaryndan gelip çykýan öňde goýulan aýdyň maksatlar, Halk Maslahatynda kabul edilen taryhy çözgütler bolsa bize ýurdumyzyň nurana geljegi, halkymyzyň geljekki ösüş depginleri, halkara gatnaşyklarda durmuşa geçirmeli işlerimizi has-da aýdyňlaşdyryp biziň ählimize ruhybelentlik paýlaýar.
Ynha üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda hem toý-baýramlarymyz uludan toýlanyp döwletimiziň, ýurdumyzyň, halkymyzyň at-abraýy, mertebesi jahana dolýar.
Ine oktýabr aýynyň 1-de ýurdumyzda Ýaşulylaryň halkara güni uly ruhybelentlige beslenip ýaşuly nesliň şanyna uly toýlar tutuldy, dabaraly maslahatlar geçirilip ýaşuly nesle ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalar, iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle dabaraly maslahat Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we welaýat kitaphana bilen bilelikde gurnamagynda geçirildi. Biz hem ýaşulylaryň baýramynda ak sakgally gojalara, kümüş saçly enelere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Oktýabr aýynyň 7-9-y aralygynda Awazada Halkara derejede maslahatlar, forumlar, sergiler geçirildi. Doganlyk halklaryň aýdym-sazlary Awazada belentden ýaňlanyp, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy dünýä ýaýdy.
Şol günler Awazada Merkezi Aziýa we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw we duşuşygy, GDA-döwletleriniň baştutanlarynyň nobatdaky maslahaty, Hazarýaka döwletleriň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş maslahatlarynyň ýene birnäçesi geçirildi.
Olaryň içinde zenanlaryň forumy, GDA ýurtlaryň utgaşdyryjy komitetiniň tohumçylyk boýunça 27-nji maslahaty hem bar.
Awazada geçirilen halkara maslahatlary, doganlyk halklaryň duz-çörekleriniň, dürli tagamlarynyň taýýarlanyp bir sapra jem bolup hödür-kerem edilmegi, ol ýerde ýaňlanan doganlyk sazlary dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has berkemegine itergi berdi.
Awaza gelen myhmanlaryň türkmen topragyna gadam basyp, türkmen myhmansöýerligine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, öz ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň, joşgunly çykyşlaryň üsti bilen ýetirmekleri bu günki gün türkmen Diýarynyň dost-doganlyk merkezine öwrülendigini giň şahana aýan etdi.
Ýurdumyzda şeýle uly halkara çäreleriniň geçirilýän günlerinde ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramçylygynyň uludan bellenmegi, şol günler Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arçman şypahanasynyň 400 orunlyk täze bölüminiň açylyp ulanmaga berilmegi, ol ýerde döredilen şertler, ornaşdyrylan täze enjamlar halkamyzyň saglygy berkitmegine uly täsir etjek toý sowgady boldy.
2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda saglygy goraýyş we dermen senagatyişgärleriniň hünäri baýramy uly ruhybelentlikden bellenilip geçildi. Şol gün Hormatly Prezidentimiziň aka patasy bilen Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa merkezi, Halkara pediatriýa merkezi we stomatologiýa merkezleri açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalaryň toý gününde açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda iň uly baýlyk adamlaryň saglygydyr diýen ýörelgämiziň ýene bir gezek durmuşda ykrarnamasyna öwrüldi. Il-günümiz Hormatly Prezidentimiziň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ugrunda amala aşyran işlerini bu günki gün uly ösüşleri besläp, şeýle saglyk desgalaryny öz halkyna peşgeş edenine örän begendiler.
Ata Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň öz halky üçin durmuşa geçirýän beýik işlerine guwanyp, ýurdumyzda şeýle uly halkara çäreleriň üstünlikli geçirilendigine buýsanyp, ýerlerde dabaraly maslahatlar, brifingler geçirilýär.
Ine şeýle çäreleriň biri-de, ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Maslahata Agrar partiýanyň işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, kitaphana işgärleri, Türkmenabadyň Derýaýollary we Agrosenagat orta hünär okuw mekdepleriniň, Türkmenabadyň №1 we №2 hünär mekdepleriniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň batly gadamlary, toý-dabaralary, halkara derejesinde geçirilýän maslahatlar, sergiler, forumlar, dost-doganlyk medeni çäreler dogrusynda buýsançly çykyşlar etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda Ýaşulylaryň halkara güni mynasybetli geçirilen çäreler, Awazada geçirilen halkara maslahatlar, ugurdaş çäreler, sergiler, aýdym-saz çäreleri, saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy we bu baýramçylyk günleri açylan täze desgalar dogrudynda buýsançly çykyşlar etdiler. Olar öz çykyşlarynda biziň ýurdumyz ýerasty we ýerçsti baýlyklara baý mekan, ýöne biziň ýurdumyzda iň uly baýlyk adamyň jan saglygy hasaplanýar, ol Konstitusiýada hem ykrar edilýär. Biz şeýle adam saglygyny ýurtda iň uly baýlyga deňelýän ýurtda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň döwürdeşleri bolup ýaşaýandygymyza buýsanýarys diýip uly hyjuw bilen belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow