Geçen taryhy döwürlere nazar aýlap ata-babalarymyzyň bize miras galdyran maddy we ruhy baýlyklaryndan ruhlanyp, şeýle şöhratly jahana ýaýran Diýarda türkmen bolup eneden dogulanymyza buýsanýaň. Bu günki gün ejdatlarymyzyň bize sowgat eden milli mirasymyzy, maddy we ruhy baýlyklarymyzy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösdürýär, dünýä ýaýýar. Muňa türkmen halysynyň, bedew atymyzyň, alabaýlarymyzyň, küştdepdi tansymyzyň, Görogly şadessanymyzyň, türkmen dutarynyň, medeniýet ýadgärliklerimiziň ençemesiniň dünýäniň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilip diňe biziň halkymyzyň däl, eýsem indi dünýä halklarynyň gymmatlygyna öwrülmeginde aýdyň şaýatlyk edýär.
Aslyýetinde türkmen halysy, bedew aty, alabaý iti, saryja goýuny, arwana düýedi taryhy gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan we ykrar edilen iň gymmatly baýlyklardyr.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen halkynyň Milli Lideri bedew atlarymyzyň, alabaý itlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksatly beýik işleri durmuşa geçirdi. Sözümiz gury bolmaz ýaly gamyşgulan bedewlerimiz üçin, alabaý itlerimiz üçin Aşgabat şäherinde we welaýatlarda atçylyk toplumlaryny, alabaý itleriniň merkezlerini gurduryp berdi. Şu ýerde buýsanç bilen bellemeli zadymyz gurulyp ulanmaga berilen toplumlarda, merkezlerde bedew atlarymyzyň, alabaý itlerimiziň gezeim etmegi üçin, bäsleşikleri geçirmek üçin, bäsleşiklere taýýarlamak üçin, saglyklaryny berkitmek, dürli lukmançylyk barlaglaryndan geçirmek üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlar bilen enjamlaşsyrylan desgalary gurduryp berdi. Häzirki wagtda bu toplumlarda, merkezlerde aýlawlary baglaýan bedewler, edermen alabaý itleri kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri halkara derejesine çykarmak maksatly Halkara ahalteke atlaryny we alabaý itleriniň Assosiasiýasyny hem esaslandyrdy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ençeme atşynaslara, çapynsuwarlara, seýisçilere, edermen alabaýlary ýetişdirýän kinologlara, itşynaslara hormatly atlary dakmagy hem ýola goýdy. Häzirki wagtda bu ugurda düýpli işleri durmuşa geçirýän ildeşlerimiziň ençemesiniň döşüni Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy ýaly orden, medallar berýär. Biziň ýardamyzda işleseň, döredijilikli zähmet çekseň eden işiňe ýokary baha berilýän, arzuwlaryň amala aşýan ýurt. Hazirki wagtda bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri Hormatly Prezidentimiz uly ösüşlere besleýär. Muňa ýakynda Nedirlandlar patyşalygynda ahalteke atlarynyň çempionadynyň geçirilmegi, ýerlerde geçirilýän at çapyşyklary, bedew atlarymyzyň, alabaý itlerimiziň gözellikl bäsleşikleri, “Galkynyş” milli at üstünkädi oýunlar toparynyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başgada ýene bir buýsanç bilen bellemeli zadymyz, ýakynda has takygy üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynyň 29-da Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynda bolup geçen taryhy pursatlar bize täsirli ýatlamalary peşgeş etdi.
Şol gün Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň hem gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berilen bu sport desga bagyşlanan toýda biziň toý däplerimiziň ählisiniň şöhlelendirilmegi, türkmen göreşiniň, alabaý itlerimiziň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi, halypa çapynsuwarlaryň bäsleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň ýokary ussatlygyny görkezmegi bizde uly ruhybelentlik döretdi. Ine şol pursat kalbynda “Ine agalar türkmen aga toý etse, şeýleräk toý toýlaýar” diýen joşgun kalbyny gaplap, on iki süňňüňe güýç, kuwwat, ruhybelentlik paýlaýar.
Görüşimiz ýaly her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi alabaý itlerimiziň baýramçylygy ýurt derejesinde uly ruhybelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Şol baýramçylygyň öň ýanyndan bolsa edermen türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşigi geçirilip, ýeňiji bolan alabaý, alabaý itini ýetişdiren itşynasa Hormatly Prezidentimiziň adyndan şa sowgatlary gowşurylýar.
Ynha şu günler ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyda hem edermen alabaý itleriniň baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Ine şeýle çäreleriň başy Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde hereket edýän Halkara türkmen alabaý itler Assosiasiýasynyň Lebap welaýat merkezinde toý baýrama beslenen çäreler bilen badalga aldy. Ol ýerde medeniýet işgärleriniň edermen alabaý itlerini wasp edip, ýerine ýetiren aýdymlary alabaý itlerine bagyşlanyp ýerine ýetiren sahna oýunlary, ildeşlerimiziň alabaý itleri merkezine eden gezelençleri dabara gatnaşan adamlarda uly täsir galdyrdy.
Ine şeýle çäreleriň ýene biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Alabaý itleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr” atly şygar astynda Lebap welaýat kitaphanasynda geçirildi. Maslahata ýaşuly nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň işjeň agzalary, itşynaslar, Lebap welaýat kazyýetiniň, welaýat Adalat bölüminiň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, Türkmenabadyň №1, №2 hünär okuw mekdepleriniň, Türkmenabadyň Derýaýollary, Agrosenagat orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary uly ruhybelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahatda ýaşuly nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň işjeň agzalary, itşynaslar, Halkara türkmen alabaý itler Assosiasiýasynyň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, Lebap welaýat kazyýetiniň, welaýat Adalat bölüminiň wekilleri, kitaphana işgärleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda edermen alabaý itlerimiziň abraýyny arşa çykaran Gahryman Arkadagymyza, bu ugurdaky işleri üstünlikli ösdürýän dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza dowamly alkyşlar aýtdylar.
Maslahatda çykyş eden itşynaslar alabaý itlerini ösdürip kemala getirmek, tohum itleri ýetişdirmek, olaryň inçe syrlary, ýurdumyzda alabaý itlerini saklamal, kanun esasda goramak dogrusynda durmuşa geçirilen işler dogrusynda, kinologiýa işi barada täsirli çykyşlar etdiler.
Halkara türkmen alabaý itler Assosiasiýasynyň Lebap welaýat merkeziniň başlygy Mergen Aýhanowyň edermen alabaý itleriniň gözellik bäsleşigine görýäý taýýarlyk işleri baradaky gürrüňleri, Hojambaz etrabynyň Burdalyk obasynyň Gyzylgum Geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy Begenç Hannyýewiň “Şirhan” iti we onuň nesil dowamy baradaky gürrüňleri, Türkmenabat şäher kazyýetiniň wekili Sylap Agaýewiň häzirki wagtda Halkara türkmen alabaý itler Assosiasiýasynyň Lebap welaýat merkezinde Lebap welaýat kazyýetiniň edermen alabaý itiniň gözellik bäsleşiginw görýän taýýarlyk işleri barada aýdyň dogumly, ynamly sözleri, buýsançy çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda edermen alabaý itlere bolan söýgüsini has-da artdyrdy. Maslahatyň soňunda dabaraly maslahatda buýsançly çykyş eden ildeşlerimize Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary uly ruhybelentlik bilen gowşuryldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow