Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Lebaply babadaýhanlar hem ene ýere yhlas siňdirip, üstümizdäki ýylda oba hojalyk önümlerinden bol hasyl ýetişdirip, azyk garaşsyzlygymyzy berkarar etmäge öz saldamly goşantlaryny goşup, hasyl toýuna zähmet ýeňişleri bilen geldiler.
Toprakdan bol hasyl ýetişdirmek üçin peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işgärlerine ähli şertleri döredip berýär. Daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna ýokary arkaly tohum, dökün, suw, zyýankeşlere garşy himiki serişdeler, kuwwatly tehnikalar bilen yzygiderli üpjin edilýär. Bu günki gün pileçi, pagtaçy, gallaçy kärendeçiler bilen, aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhanlar bilen, bagbanlar, maldarlar bilen, ýyladyşhanada dürli gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçi daýhanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda oba hojalyk pudagynda önüm öndürmek üçin döredilen şertler, döwlet banklaryndan ýeňillikli karzlary almak üçin döredilen mümkinçilikler, öndüren önümleri üçin hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda geçirilýändiginden göwni hoş ildeşlerimizden Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize ýüreklerinden joşup çykýan alkyşly sözlerini eşitmek bize ýygy-ýygydan miýeser edýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem biz welaýatymyzyň Kerki, Halaç, Saýat, Çärjew, Dänew etraplarynda hem-de Türkmenabat şäherinde Agrar syýasat gepleşigini taýýarlamak maksatly onlarça gezek iş saparlarynda bolup açyk meýdanda oba hojalyk ekinlerini kemala getirýän kärendeçiler, ýyladyşhanalarda gök-bakja ýetişdirýän telekeçi kärendeçiler bilen, bagbanlar, maldarlar bilen, bal arysyny idetýän balçylar bilen, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimizi bilen söhbetdeş bolup, olaryň armasyny ýetirdik, öňde baryjy obahojalykçylary Agrar partiýanyň adyndan höweslendirji sowgatlar bilen sylagladyk we olary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdyk.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýyly Lebaply babadaýhanlar üçin hem bereketli ýyllaryň biri boldy. Olar döwlete döwlet tabşyryklary boýunça ekilýän ekinlerden, aralyk ekinlerden, pileden, maldarçylykdan, bagçylykdan ýokary netije gazanyp, hasyl toýuna zähmet ýeňişleri bilen geldiler.
Şu günler hasyl toýuna bagyşlap dabaraly maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, oba hojalyk önümleriniň sergileri gurnalyp, bu berekete, rysgal-döwlete beslenen toýuň dabarasy dag aşýar.
Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Lebap welaýat taryhy we ülkäniöwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýat taryhy we ülkäniöwreniş muzeýinde geçirildi.
Dabaraly çärä ýaşuly nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher, Saýat, Çärjew etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary, döwlet sylagyna mynasyp bolan oba hojalyk işgärleri, kärendeçiler, bagbanlar, maldarlar, Türkmenabat şäheriniň 2-nji hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary, muzeý işgärleri işjeň gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde oba hojalyk pudagyny düşewüntli pudaga öwüren Gahryman Arkadagymza, peder ýoluny üstünlikli dowam edip, pudakda uly özgertmeleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan edip, joşgunly çykyşlar etdiler we hasyl toýy bilen gatladylar. Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleriniň hasyl toýy mynasybetli gurnan göçme sergisine syn etdiler. Sergini synlan ildeşlerimiz oba hojalyk pudagynda Lebap welaýatynyň babadaýhanlarynyň pile, galla, pagta, aralyk ekinleri boýunça, dokma, haly önümleri boýunça, gök-bakja hasyllary boýunça, gadymy oba hojalyk gurallary boýunça gurnan sergisinden ruhy joşgun aldylar we muzeý işgärlerine öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şu şatlykly pursatda, toý gününde Gahryman Arkadagymzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy, edermen babadaýhanlarymyzy hasyl toýy bilen gutlaýaryn. Goý, hasyl toýy her bir ojaga rysgal-döwlet, ruhybelentlik getirsin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow
Hasyl toýy berekediň, bolçulygyň çeşmesi
Wagty:
02.11.2026 15:48
Geçirilýän ýeri:
Лебапский велаят