Senesi: 13.11.2026 • Aşgabat · Howa +18°C • agrar@tap.gov.tm • +993 (12) 44-88-10
Независимый, постоянно Нейтральный Туркменистан — обитель крылатых скакунов
Ýylyň nyşany
Аграрная партия Туркменистана
Türkmenistan Аграрная партия Туркменистана
BILDIRIŞLER

Ýatdan çykmajak waka!

Sene: 13.11.2026 16:00 Görüldi: 13 Awtor: Serdar Amanow
Ýatdan çykmajak waka!

Garasşyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sebit, dünýä ähmiýetli başlangyçlary, dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmek, umumy öýümiz bolan tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ekologiýa abadançylygyny üpjin etmek, howanyň üýtgemegine garşy degişli işleri geçirmek, düýji suwlary tygşytly ulanmak, çölleşmä garşy degişli işleri alyp barmak maksatly öňe sürýän teklipleri bu günki gün dünýä halklary, BMG-y ýaly abraýly halkara guramalary trapyndan giň goltgy alýar.
Muňa Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Antaliýa şäherinde geçirilen BMG-nyň Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çurçuwaly meseleler boýunça geçirilen 31-nji mejlisinde eden taryhy çykyşy we öňe süren täze başlangyçlarynda aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýede geçirilen halkara maslahatda eden taryhy çykyşynda ata Watanymyzda ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekoulgamyň biodürligini gorap saklamak, Aral deňziniň aladasyny ähli dünýä halkary bolup etmek, çölleşmä garşy göreşmek, süýji suwy doganlyk halklary bilen tygşytly ulanmak, howanyň üýtgemägi bilen baglanyşykly degişli işleri durmuşa geçirmek ýaly birnäçe ugurlarda ata Watanymyzda Halkara guramalary bilen Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşa geçirilen işler, täze başlangyçlar dogrusynda täsirli çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda howanyň üýtgemäge adamlaryň ýaşaýyş durmuşynda, oba hojalyk pudagynada umuman durmuşdaky ähli işlerede öz täsirini ýetirýändigini, şol sebäpden howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseläniň diňe bir döwletiň ýa halkyň işi bolman, bu mesele ähli dünýä halklarynyň hökman üns bermeli, takyk netije çykarmaly, global meselesine öwrülendigini belläp geçdi. Milli Liderimiz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bütindünýä ähmiýetli meseläni ylmy esasda halkara derejesinde öwrenmek we degişli işleri geçirmek boýunça biziň ata Watanymyzyň başlangyçlary boýunça BMG-nyň çäklerinde birnäçe ýyllardan bäri işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen tekrarlady. BU ugurdaky işleri öz wagtynda we ähli halklaryň, ähli döwletleriň gatnaşmagynda çözmek üçin Halkara ekologiýa Kodeksini işläp taýýarlamagy, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendiurmek maksatly on ýyllygy yglan etmegi we Aşgabat diologyny kabul etmegi we täze 2027-nji ýylda Aşgabat diologynyň 1-nji mejlisini geçirmegi teklip etdi. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara maslahatynda eden teklipleri dünýä halkary we Halkara guramalarynyň wekilleriniň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna eden iş saparynyň dowamynda Türkiýäniň Prezidenti, Jemhuryýet baştutany bilen duşuşmagy, geljekde iki doganlyk ýurtlaryň ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp baryljak işleri ara alyp maslahatlaşmagy, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýeli işewürler bilen pikir alyşmagy we ol ýerde ylym-bilim, ekologiýa abadançylygy we ýene-de birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekilmegi taryhy pursatlara öwrülen täze başlangyçlara öwrüldi.
Halkara maslahatynyň geçirilen günlerinde Türkiýe Respublikasynyň Antaliýa şäheriniň gözelkünjeginde ekologiýa abadançylygyna bagyşlanyp halkara derejesinde sergileriň gurnalmagy we ol sergide Türkmenistanyň Pawilýonynyň hem mynasyp orun almagy biz üçin örän buýsançly boldy. Sergide Ahalteke bedewleriniň, alabaý itlerimiziň, türkmen halylarynyň gözel keşplerini synlap, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köptomly kitaplarynyň ol sergide mynasyp orun almagy, umuman sergä çykarylan eksponatlarymyzyň Halkara derejede geçirilen maslahata gatnaşyjy dünýäniň dürli ýerlerinden gelen adamlaryň sergimizi uly hyjuw, söýgi bilen synlamaklary, şol ýerde Hindistanly zenanyň türkmen halysy, gelin gyzlarymyzyň şaý sepleri, türkmen halkynyň maddy we maddy däl milli gymmatlyklary barada aýdyň joşgunly sözlerini teleýaýlym arkaly diňläp, türkmendigimize, Garasşyz, baky Bitarap Türkmenistanyň raýatydygymyza, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwürdeşdigimize guwandyk.
Biz hem şeýle şatlykly pursatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Türkiýe Respublikasyna eden iş saparynyň şeýle joşguna, taryhy pursatlara beslenendigi, iki doganlyk halklaryň dowtluk gatnaşyklaryny ösdürmäge, Halkara derejesindäki başlangyçlarymyzyň öz beýanyny tapandygy we dünýä saň salmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle dogaýy iş saparlarynyň dowamaty dowam bolsun.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň buhgalteri Nowça Muradowa

Mowzuga degişli beýleki makalalar