Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz toýdur baýramlara taryhy wakalara senelere beslenýär.Hemmämiziň bilşimiz ýaly Bitaraplyk baýramçylygynyň öňi syrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda Göwheri” atly täze kitaby hemmämiz üçin ajaýyp sowgat boldy.Bu kitap Türkmen we Iňlis dillerinde neşir edilip, bu kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmişine uzap gidýän şöhratly ýolunuň dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bilen bellenilýär. Bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýan kitabyna öwrüler. Bu many mazmunly kitap girişden we iki bölümden “Taryha syýahat” we Ruhy miras” atly bölümden ybarat bolup dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Şol sebäpli hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Maliýe orta hünär okuw mekdebinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda Göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaraly çäre Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň jogapkär işgärleri kümüş saçle eneler, işjeň agzalar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň täze ajaýyp eseri watançylyk we ahlak terbiýesinde örän uly goşant goşar.
Tanyşdyrylyş dabaranyň soňunda ähli gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy täze “Hakyda Göwheri” atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýüreginden gutladylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni
G.Bekmemedowa