Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe ata Watanamyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Ine şeýle buýsançly, şatlykly wakalaryň biri hem Köpetdagyň eteginde ýerleşýän döwrebap Arkadag şäheriniň gurulup ulanmaga berilmegidir.
Şu syýasy waka mynasybetli Saýat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda Türkenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komiteti tarapyndan wagyz-nesihat ýygnagy geçirldi. Wagyz-nesihat ýygnagyna Agrar partiýanyň jogapkär işgärler, işjeň agzalary, etrap tehniki hyzmat ediş kärhananyň işgärleri çykyş etdiler. Ýygnakda çykyş edenler Arkadag şäherini halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrylyp, halkymyza mynasyp derejede mümkinçilik berilýändigi, desgalarda “akylly” şäher we “akylly” öý girizilendigi, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwerginde köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin “akylly” wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýol yşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişiniň ölçeýji ulgamlar gurlandygy barada belläp geçdiler.
Çykyşlarda agzybir türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň döredijilikli içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli düýpli özgertmeleri doly goldaýandygyny we bu il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny aýdyldy.
Wagyz-nesihat ýygnagynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky alyp barýan işleriniň ajaýyp beýanydygy, häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä we milli tejribesini özüne siňdirýän Arkadag şäheri gözelligiň hem-de döwrebaplygyň şäherine öwrülendigini uly joşgun bilen aýdylar.
Çykyş edenleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ösdürip, ajaýyp durmuşy bagş eden Milli Liderimize, bu ýörelgäni üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirip, berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk tüýs ýürekden arzuw edildi.Rozyhal Piriýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni