Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

ARKADAGLY DIÝARDA ÝOLLAR ABAT – IL ABAT

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde agzybir türkmen halkymyz bagtyýar, erkana durmuşda ýaşaýar. Güneşli ülkämiziň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly şygar bilen köçe ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge gönükdirilen bir aýlygy yglan edildi. Şondan bäri her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň dowamynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bellenip geçilýär. Bir aýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler Daşoguz welaýatynyň ähli ýerlerinde hem giň gerime eýe boldy. Raýatlarymyzyň saglygyny, asudalygyny goramaga, olaryň ömrüniň uzalmagyna goldaw berýän döwletimiziň alyp barýan işleri hem oňyn netijelerini berýär. Köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir raýatyň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegi, sürüjileriň ulaglary erk edenlerinde ünsli, seresap bolmagy, ýolagçylaryň ýörite bellenen pyýada geçelgelerinden geçmegi örän möhümdir.

        Golaýda Boldumsaz etrap häkimliginiň etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrabyň hukuk goraýjy edaralary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň  Boldumsaz etrap geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň başlygy Tekebaý Duşemow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň bölüm müdüri Şatlyk Abdyrahymow Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy Öwez Paltabaýew hem-de Boldumsaz etrap bilim, saglygy goraýyş ulgamlary bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda Boldumsaz etrabynyň  53, 57, 62-nji orta mekdeplerinde  “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çärä bagyşlap geçiren wagyz-nesihat duşuşygy ruhubelent ýagdaýda geçirildi.

                Wagyz-nesihat çäresinde Boldumsaz etrap Gubadag şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň uly lýtenanty Gylyjow Röwşen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Parahat Sabirow dagylar çykyş edip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bolelin, asuda  durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesiller bolmaklary üçin edýän aladalary, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni saklap, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edip, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak barada giňişleýin belläp geçdiler.

                Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri barada edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Jumakow Ýusup