Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen – öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym, Türkmenistan!

Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň her ýylky baýramyny uly ruhybelentlik, şatlyk-şagalaň bilen garşylaýar. Çünki bu sene ata-babalarymyzyň özygtyýarlyk, jebislik, adalatly jemgyýeti gurmak ýaly asyrlar boýy eden arzuwlarynyň hasyl bolmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň içinde geçen taryhy ösüş ýolumyza, gazanan üstünliklerimize nazar aýlamak biziň her birimiziň mähriban Watanymyza, eziz halkymyza bolan buýsançmertebämizi artdyryp, bagtly gelejegimize bolan ynamymyzy has-da güýçlendirýär.

Garaşsyzlyk baýramymyzy uly ruhybelentlik bilen belleýän günlerimizde Halk Maslahatynyň geçirilmegi, taryhy çözgütleriň kabul edilmegi we şol maslahatda Hormatly Prezidentimize “Altyn aý” altyn medalynyň gowşurylmagy hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly adyň dakylmagy biz Türkmenistanda ýaşaýan raýatlarda uly ruhybelentlik döretdi. Halk Maslahatynda halk köpçüliginden gelen teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Mejlisinde ara alyp maslahatlaşmagy we bir agyzdan goldamaklary esasynda Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bilelikde Lebap welaýatynyň ähli künjeklerinde dabaraly maslahatlar geçirilýär.

Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde geçirildi.

Dabaraly maslahata Agrar partiýanyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz, Halk Maslahatyna gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri işjeň gatnaşdylar we ruhybelent çykyş etdiler. Çykyş edenler Halk Maslahatynda Hormatly Prezidentimize “Altyn aý” altyn medalynyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen beýik adyň dakylmagy bilen tüýs ýüreklerinden gutladylar. Çykyşlarda bu şatlykly wakany kosmos giňişliginde uçuşyny amala aşyrýan ildeşimiz Oleg Kononenkonyň türkmen baýdagyny eline alyp kosmos giňişliginden ýollan ajaýyp gutlagyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken taryhy karary esasynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimizi hem tüýs ýüreklerinden gutladylar, Çykyşlaryň soňunda bizi bagtyň gujagynda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

 Bagtyýar Derkarow Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri