Golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr kakabaýew adyndaky şäherçesiniň oba Medeniýet öýünde, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary we bilim bölümi bilen bilelikde, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ "Ýaşlar watanyň daýanjy"atly kitabynyň çapdan çykyp halk köpçüligine gelip gowuşmagy ähli watandaşlarymyz üçin Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyrylan täze ýylyň garşylanýan günlerinde mynasyp baýramçylyk sowgady boldy. Kitap sahypalaryndaky ýerleşdirilen ähli jümleleri okanyňda, körpeje çagalaryň, ýaşlarmyzyň dürli ugurlarda okaýan döredýän gurýan pursatlaryndan düşürilen foto suratlary synlanyňda ata Watana, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüň has-da artýar. Çünki bu kitap ýaşlarymyzyň durmuşyna, ykbalyna, ähli ulgamlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanýar. Kitapda ýaş nesillerimiziň durmuşymyzda, jemgyýetimizde tutýan ornyna mynasyp baha berilip, ýaşlaryň geçen ýyldaky gazanan ýokary netijeleri açylyp görkezilýär. Şular dogrysynda giňişleýin beýan edýän bu kitapda hormatly Prezidentimiz ýaşlarmyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetirilen işleri anyk mysallar bilen beýan edilipdir. "Biz gelejegimizi ýaşlarmyz bilen bilelikde gurýarys. Şeýle ýaşlary bolan halk beýik halkdyr. Şeýle beýik halky bolan döwlet beýik döwletdir" diýip Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ilkinji kitaby bolan "Ýaşlar watanyň daýanjy" atly kitabynda belläp geçýär. Dogurdan hem ýaşlarmyz watanmyzyň daýanjy, sarsmaz sütüni röwşen ertirlerini gurujy. Berkarar watanmyzda ýaşlarmyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekip abraý-mertebä eýe bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň "Ýaşlar watanyň daýanjy" atly kitaby Beýik işlere çakylyk, Nurana gelejegiň aladasynda, Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esaslary, Ýaşlar we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy, Ýaşlar bilim ulgamynda, Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly, Ýaş türkmen zenanlary berkarar ýurdyň mertebe tugy, Sanly dünýä: ýaşlar, ösüş, gelejek, Ýaşlar we şäher gurluşygy, Watan goragy ynamly gollarda, Milli mirasymyzyň eýeleri: Edebiýat, sungat we ýaşlar, Halkymyzy buýsandyrýan hoş habarlar-Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarmyzyň gazanan üstünlikleri, Bilim ulgamynda tapawutlanan ýaşlar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlar bilen bagly kabul edilen resminamalar, ýaşlara iberilen gutlaglar, Ýaşlar bilen gelejegimizi gurýarys ýaly birnäçe bölümlerden ybarat bolup durýar. Bu bölümleriň ählisinde hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünlikler ýetilen belent sepgitler, ýaşlaryň durmuşy bilen bagly alnyp barylan işler dogrysynda giňişleýin beýan edipdir.
Täze kitapda getirilýän maglumatlaryň, beýan edilýän pikirleriň her biri ähli ynsanlary aýratynda ýaşlarmyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Kitapda şeýle sözler bar, "Türkmen ýaşlary döwletden arkalydyr. Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdir. Biz döwletimiziň güýjinden güýç alýarys" diýip belleýär. Elbetde bu sözlerde ýaşlarmyza bolan uly ynam bar. Asylly ýol ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýän ýaşlarmyz beýik işleri başarýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödemek, ýurdymyzyň ösüşine ähli babatynda mynasyp goşant goşmak ugrynda bar ukyp başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekmek bilen, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny hem uly zähmet üstünliklerine besläris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mundan beýläk hem galamynyň ujy ýiti bolsun. Pursatdan peýdalanyp türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ähli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň esasy hünärmeni Ýagmyrow Wepa Berdiýewiç