Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Arzuwlar arşa ýetýär sahawatly topragymyzda

Her bir ýyly özüne mynasyp at bilen gelýän Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda Arkadagly Gahryman Serdarymyz oba hojalygy pudagyna hem aýratyn üns berýär. Azyk bolçulygyny döretmek, ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň bol hasylyny almak bilen baglanyşykly tutumly işler giň gerimde durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Ministrler kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we welaýat häkimleri bilen geçirýän maslahatlarynda hem bu meselä aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 8-nji maýynda kabul eden “Türkmenistanda 2025-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda” 1360 belgili kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 8-nji we 11-nji maddalaryny gollanyp, galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Ynha şu ýerde biziň Balkan welaýatymyzyň Bereket etrabynyň “Nusgawy meýdan” daýhan hojalygynda Hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, ýaşulularyň “Bismillasy” bilen galla oragyna girişildi. Galla oragynda “CLASS” we “John Deere” kysymly kombaýnlaryň 102-si işlediliň, 16 sany ýörite tehniki hyzmat ediş toparlary döredildi. Mundan başgada bugdaý hasylyny öz wagtynda ýitgisiz daşamak üçin awtoulaglaryň 510-sy işlediler.

Obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, degişli agrotehniki kadalaryň esasynda işleri geçirmek, degişli tehnikalary we enjamlary ullanmak arkaly önümçiligiň ýokary derejesi üpjün edilýär. Türkmen halkynyň özboluşly durmuş ýolunda galla harmanyna rysgal-berekediň, baýlygyň özeni hökmünde aýratyn hormat goýulýar. Ekerançylyk medeniýetiň baý mirasyna eýe bolan ata-babalarymyz bugdaýyň dürli görnüşlerini ösdüripdirler, olary ýetişdirmegiň dürli usullaryny durmuşa ornaşdyrypdyrlar. Bugdaýdan bol hasyl almagyň ussady bolan ata-babalarymyzyň onuň her bir dänesini gadyr bilen ýygnap, zähmetkeşligiň aýdyň nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Türkmen daýhanlarynyň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirýän bol hasyly bazarlarymyzy dolduryp dur.

Halkymyzyň abadan ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Serdar Suwhanow

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň bölüm müdiri.