Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň etraplarynda hem oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan pile ýygmak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär.
“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem lebaply pileçiler 1 müň 60 tonna piläni Watan harmanyna tabşyrmagy öz öňlerinde meýilleşdirip, ýüpek gurçugyndan bol hasyl ýetişdirdiler. Ýüpek gurçugyny talaba laýyk idedip, öň hatarda pile hasylyny Watan harmanyna tabşyrmakda welaýatyň Kerki, Halaç, Çärjew we Saýat etraplarynyň pileçileri tapawutlanyp, eýýäm Ýeňiş baýramynyň öň ýanynda döwlet borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Howa-toprak şertlerine görä ýüpek gurçugyny gijiräk öwsen etraplarda hem pile ýygmak möwsümine taýýarlykly geldiler we şu günler gyzgalaňly pile ýygmak mňwsümi dowam edýär. “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda oba senagat pudagynda ilkinjiler bolup Lebaply maldarlarymyz owlak –guzy möwsüminde işjeňlik görkezip, döwlet borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetiren bolsalar, ýene-de sanlyja günlerden Lebaply pileçileriň döwlet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip, halkymyza başlajak günleri indi daşda däl.
Şu günler oba hojalyk pudagynda gyzgalaňly döwür dowam edýär. Ak ekinlere ideg etmek işleri tamamlanyp, indi soňky suwuny bermeklik ýola goýuldy. Ýene bir aýdan has takygy maý aýynyň soňuna, iýun aýynyň ilkinji on günligi aralygynda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen, ýaşuly nesliň bissmillasy bilen galla oragyna badalga berler. Şu ýylyň galla oragyna Lebaply gallaçy kärendeçiler 130 müň gektar bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Öňde goýulan sepgide ýetmäge ähli mümkinçilikler bar. Şu günler etraplarda ýetişdirilen galla meýdanlaryny aýlanyp göreniňde, kuwwatly tehnikalaryň galla oragyna taýýarlanyşyny ýakyndan synlanyňda daýhanlarymyzyň ýetoşdiren galla hasylyny tiz wagtda, isripsiz ýygnalyp, döwlet harmanyna tabşyrmaga ähliertleriň we giň mümkinçilikleriň bardygyna aýdyň göz ýetirýäris.
Oba hojalyk pudagynda ara;yl ekinlerini ekmek bol hasyl ýetişdirip, aralyk gök-bakja önümleri bilen öz halkymyzy doly üojün etmek, artykmajyny daşary döwletlere eksport etmek işleride üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňki daşary ýurtlardan Lomaý getirilýän ýeralma, sogan ýaly gök-bakja önümleri indi ýaz we güýz pasyllarynda öz topragymyzda ýetişdirilýär.
Gündelik azyklyk harytlaryň içinde bugdaýdan soň ýeralma hem dünýä jemgyýetçiliginde ikinji çörek önümi hasaplanýar. Sebäbi ýeralma gündelik durmuşymyzda tagam taýýarlamakda köp ulanýar. Ýeralmadan başga-da sogan hem tagamlara tagam berip, iň köp ulanylýan, harçlanylýan gök-bakja önümleridir.
Ine şu günler Lebap welaýatynyň etraplarynda sogan, ýeralma hasylyny ýygnamak möwsümine hem giňden taýýarlyk görülýär.
Ýeralma ösdürip ýetişdirmekde “Tebigy ekin” daýhan hojalygynda 350 gektar ýerde degişli işler geçirilip, bu daýhan hojalygynda 20 gektardan gowrak ýerde sogan hem ösdürilip ýetişdirildi. Sogan ösdürip ýetişdirmekde Çärjew etrabynyň Amyderýanyň sag kenaryndaky “Dostluk”, “Galkynyş”, “Miras” daýhan birleşiklerinde uly işler durmuşa örnaşdyrylyp, her daýhan birleşiginde 60 gektar sogan, 2 gektar sarymsak bol haslya durdy.
Welaýatyň Halaç, Kerki etraplarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmalar, soganlar toprak-howa şertlerine görä ir ýetişip, ak bazarlarymyzda ilatyň ýeralma, sogana bolan islegini kanagatlandyrmakda, ak bazarlarymyzda bu azyklyk önümleriň nyrhlarynyň elýeterli saklanmagyna öz täsirini ýetirdi.
Elbetde öň daşary döwletlerden getirilýän gök-bakja önümleriniň ýurdumyzda giň göwrümli öndürilmegine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gök-bakja ekilýän, ekerançylyk ýerleriň öri meýdanyny giňeldip bermegi netijesinde hasyl boldy. Munuň üçin halkymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlarynyň çägi ýok. Biz iş saparlarynda Halaç, Kerki, Saýat, Çärjew, Dänew etraolarynda ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän kärendeçileriň armasyny ýetirip söhbetdeş bolanymyzda aralyk ekinleri ekmek üçin ýer böleklerini bermäge, dökün, tehnika, suw bilen üpjün etmäge giň şertler döreden Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan sag bolsunlary eşitmek, daýhan buýsanjyny paýlaşmak bize miýesser etdi. Şeýle şatlykly pursatda Lebaply babadaýhanlarymyza “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zähmet ýeňişlerini arzuwlao öz öňlerinde goýan borçnamalaryny ýerine ýetirmeklerini arzuw edýäris!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow