Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata Watanymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna bagyşlanyp dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly çäreler, tegelek stolda söhbetdeşlikler, surat, şygyrýet bäsleşikleri, aýlawlarda at çapyşyklar, gözellik, ýyndamlyk bäsleşikleri geçirilýär.
Ynha şeýle dabaraly çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýat kitaphanasynda geçirildi. Dabaraly maslahatda Agrar partiýanyň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň atçylyk hünäri bölüminiň mugallymlary, atçylyk ugrundan okaýan talyp ýaşlar buýsançly çykyşlar etdiler. Çykyş edenler öz çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallary esasynda bedewlerimize edilýän hyzmatlar, güýçlendirip Aşgabat şäherinde we welaýatlarda halkara ülňelerine gabat gelýän atçylyk sport toplumlary, atçylyk ugrundan ýörite we ýokary okuw jaýlary açyldy, atçylyk ugrundan öz hünärine öňde seýisler, çapynsuwarlar kemala geldi diýip buýsanç bilen belläp geçdiler. Mundan başga-da ahalteke bedewlerimiziň abraý-mertebesini dünýä ýaýmak mynasybetli Halkara Ahalteke atçylyk Assosiasiýasy döredildi we häzirki wagtda bu Assosiasiýanyň bölümleri dünýäniň ençeme döwletlerinde hereket edýär diýip buýsançly belläp geçdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerini wasp edip ýazan ganatly kitaplary barada söhbet edilip bu kitaplar bize türkmen bedewleri barada öň bilmeýän maglumatlarymyzy bilmäge, ahalteke bedewleriniň has ýakyndan tanamaga, geçmişde türkmen ýaýlalarynda ýaşap geçen, dünýä ýaň salan bedewlerimizi tanamaga we buýsanmaga giň ýol açdy diýip belläp geçdiler. Çykyşlaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren işlerini bu günki gün Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär we bu ugurda zähmet çekýän atşynaslara, seýislere, çapynsuwarlara hormatly atlary dünýar, gözellik, ýandamlyk bäsleşiklerinde aýlawlary baglan ýeňijilere şa sowgatlaryny gowşurýar, surat, şygyrýet bäsleşikleriniň ýeňijilerini hem mynasyp sowgatlaýar diýip uly joşgun bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berilen Aba Annaýew adyndaky atçylyk akademiýasy, şol ýerde gurlan täze atçylyk toplumy barada hem buýsançly çykyşlary etdiler. Dabaraly maslahatda çykyş edenler Ahalteke bedewlerine şan-şöhrat beren, abraý-mertebesini dünýä tanadan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýtdylar we Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli atşynaslarymyzy, seýislerimizi, çapynsuwarlarymyzy, ähli Ahalteke atlarynyň muşdanlaryny Türkmen bedewiniň Milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow