Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Türkmen döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejeniň nepis el işi bolan alajanyň we iş guralynyň sowgat berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty Daşoguz welaýatynyň ähli etrapdyr, şäherlerinde işjeň ýagdaýda geçýär. Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabriginde geçirilen aýdym-sazly maslahat hem hut şuňa bagyşlandy. “Külli türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň el işleri nesillere görelde” ady bilen geçirilen aýdym-sazly maslahata etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, mährem eneler, “Ene mähri” diýlen hormatly adyň eýeleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenenlar guramalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar guramasynyň başlygy Züleýha Kullaýewa açyp, çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Ogulabat ejäniň sünnälenip işlenen alajasynyň we iş guralynyň döwlet muzeýine berilmegi ýaş nesiller üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup durýandygy barada giňişleýin aýdyp, alaja we alajanyň ähmiýeti dogrysynda belläp geçdi. Soňra mährem ene Arazgül Otuzowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 38-nji orta mekdebiň müdüri Aýnabat Toýlyýewa, Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň gözegçisi Maýsa Hydyrowa, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulsuraý Amanowa, 52-nji orta mekdebiň mugallymy Jahan Kazakowa dagylar çykyş etdiler. Olar hem çykyşlarynda manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlarmyzyň el işleriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyş eden Ogulabat ejäniň ýol-ýörelgesi ähli zenanlara nusgalyk mekdep bolup durýandygy barada aýtdylar. Medeni gymmatlyklara baý halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, gözmonjygy, alaja ýaly gymmatlyklaryň gözden dilden goraýandygy hakyndaky ynama uýylýar. Dürli reňkler utgaşdyrylyp, örülýän alajalar aýratyn öwüşgünliligi bilen tapawutlanýar. Ak we gara sapakdan işilen alaja nurana gündizlerimizi, aý-ýyldyzly gijelerimizi şöhlelendirýär. Bu hem bolsa ýaşaýşyň durmuşyň sazlaşygyny görkezýär. Maşgalada täze bäbek dünýä inende oňa ilki bilen alaja dakylmagy, täze ulag alnanda, täze jaýa göçilip barlanda, täze gelin gelende gözden-dilden goramak maksady bilen alaja dakmak dessury häzirki günlerde hem dowam etdirilýär diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahat soňra etrap medeniýet merkeziniň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Jeren Amanowa, Ogulbagyt Garrybaýewa, Çynar Babaýewa, Arazsoltan Hallyýewa ýaly aýdymçylar ene mukaddesligini, milliligimizi, zenanlara goýulýan belent sylag hormaty wasp etdiler. Şeýle hem bu ýerde milliligimizi şöhlelendirýän sergiler giňden ýaýbaňlandyryldy. Sergilerde milli şaý-seplerimiz, dürli görnüşli alajalar, kürte we gelin-gyzlarmyzyň beýleki el işleri görkezildi. Işjeň ýagdaýda geçen aýdym-sazly maslahat bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy