Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bag ekmek sogap iş

Bag ekmek  sogaply işleriň biri hasaplanýar. Ata-babalarymyzdan gelýän bu sogaply iş ýurdymyzda hem mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz her ýylyň bahar güýz aýlarynda köpçülikleýin bag ekmek boýunça ýörite karara gol çekýär. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýurdymyzyň ekalogiýa abadançylygynyň gowlaşmagy, mähriban diýarymyzyň gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga bürenmegi ugrynda degişli işler Köneürgenç etrabynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bahar paslynda geçirilen köpçilikleýin bag ekmek çäresi Köneürgenç etrabynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň çäginde geçirilen çärä il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, ähli dara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Olar özleriniň mahmal owazly aýdym-sazlarynda gözel tebigatymyzy, eşretli durmuşymyzy, hormatly Prezidentimiziň rowaç işlerini, bagtyýarlyk döwrümizi wasp etdiler.

         Ýylyň ýylyna dürli görnüşli bag nahallarynyň ekilmegi ekalogiýa abadançylygynyň gowlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýyllaryň geçmegi bilen ekilýän ýaşajyk bag nahallar gür baglyklary, tokaý zolaklary emele getirýär. Agaçlar kömürturşy gazyny özüne süňdirip köp mukdarda kislarod bölüp çykarýar. Munuň özi howamyzyň arassa, tämiz bolmagyny üpjin edýär. Hut şunuň bilen baglylykda etrabymyzyň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli bagtyýar ýaşaýjylary bag ekmek çäresine işjeň gatnaşýarlar. Ýurdymyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga bürenmegi ugrynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. 

Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar   HOJAHMETOWA