Zenan ýaşaýşyň dowamaty, maşgala ojagynyň daýanjydyr, ähli gözellikleriň seresidir. Milletimiziň mukaddes ruhy gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgelerini saklaýjylar bolan türkmen zenanyna sarpa goýmak müňýyllyklaryndan gözbaş alýan gadymy dessurymyzdyr. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şowhuna beslenilýän halkara aýal gyzlar baýramçylygy biziň welaýatymyzda hem giňden bellenilýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Daşoguz şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti bilelikde guramagynda “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Berkarar döwltimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlar hakdaky aladasynyň durmuş hakykatyna eýe bolýandygynyň alamatlaryny owadan baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar gününiň dabaraly pursatlarynda has aýdyň ýüze çykdy.
“Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy pursatlarynda sazlaşykly geçirilen bu dabara uly joşgun, egsilmez şatlyk, belent ruhubelentlilik ýagdaýyna eýe boldy. Giňden ýazylan baýramçylyk saçagynyň başyna jemlenen mährem enelerimiz, zeminiň görki hasaplanýan gyz-gelinlerimiz, baharyň läle-reýhan görnüşlerine sazlaşýan ajaýyp baýramyň şanyna guralan dabaradan uly ruhy lezzet aldylar.
Dabaranyň dowamynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, owadan tanslary galkynyşly pursatlary emele getirip, dabara gatnaşanlaryň kalplaryna buýsanç duýgularyny eçildi. Ähli aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetiren “Arkadagly Gahryman Seradrymyz” atly aýdymy hormatly Prezidentimiziň adyna hoallyk bolup ýaňlanyp, dabaranyň jemlemesine öwrüldi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Jennet Saparowa.