“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Sarahs etrap häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda „Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary“ ady bilen Sarahs etrap zenanlar guramasynyň, TMÝG-yň Sarahs etrap Geňeşiniň, TAP-yň Sarahs etrap komitetiniň, TDP-yň Sarahs etrap komitetiniň, TKA-yň Sarahs etrap birleşmesiniň, Sarahs etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda Sarahs etrap medeniýet öýünde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym –sazly baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Oňa önümçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler şeýle hem ýaş nesiller gatnaşdylar. 8-nji mart Halkara zenanlar günine bagyşlanyp geçirilen çäre many-mazmuna baý bolup, medeniýet bölüminiň aýdym-saz, folklýor toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen çykyşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda barha uly ösüşlere eýe bolýan güneşli ýurdymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň möhüm orun eýeläp, gazanylýan uly ösüşlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan zenanlarymyzyň bitirýän işlerine goýulýan sarpa, olaryň maşgala ojaklaryndaky nusgalyk göreldesi, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan asylly işleri dogrusynda özleriniň çykyşlarynda görkezdiler. Çärede çagalar sungat mekdebiniň çagalar hor toparynyň ýerine ýetiren eje hakyndaky aýdymlary hem dabara has joşgun berdi. Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpasyna öz sagbolsunlaryny bildirip, zenanlarymyz Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň esasy hünärmeni:
Enejan ANNAMYRADOWA