Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýatdan çykmajak şöhratly we şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda ykdysady we medeni ösüşlere beslenýän eziz ýurdymyz röwşen geljegine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, il-ýurt bähbitli beýik işlerini durmuşa geçirilýän täze başlangyçlaryny zenanlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat etdilýär.
Ýurdumyzda gender deňligi syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler Birleşen Milletler guramalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Daşoguz welaýat zenanlar bölüminiň gurnamagynda “Ýurdmyzyň ösüşinde zenanlaryň orny” ady bilen, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda geçirildi. Maslahatda Daşoguz şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň müdiri,Mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Güluh Haljanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar gurmasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Jennet Gulmyradowa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri Gunça Seýidowa, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň Karzlaşdyryş bölüminiň esasy hünärmeni Çynar Orazowa, Daşoguz saglygy goraýyş anyklaýyş merkeziniň baş şepagat uýasy Tawus Baýramowa, Şabat etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň mugallymy, “Zegärçilik sungatym-miras daragtym” atly bäsleşigiň ýeňijisi Güljan Nazarowa dagylar çykyş etdiler.
Maslahatda meniň özüm hem çykyş etdim. Öz çykyşymda, zenanlar ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda çekýän yhlasly zähmeti bilen watanymyzyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we halklaryň dost-doganlygy ugrunda alynyp barylýan işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklary, özleriniň söýüp zähmet çekýän iş ýerlerinde gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asudalyk, agraslylyk, edeplilik ýaly endiklerini saklap, milli egin eşikleri gözelliklerine görk goşýandygyny, şeýle işewir zenanlarymyzyň arasynda kärendeçi zenanlarymyzyň barlygyny, Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna şol sanda türkmen daýhanlaryna işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan ähli şertlerdir mümkinçilikler döredip berýändigi, ajaýyp zamanamyzda daýhanlara tehnikanyň, tohumyň, döküniň, suwyň ýeňillikli bahalardan berilmegi döredilýän ajaýyp şertler, uly mümkinçilikler kömek-goldawlar kärendeçi zenanlarymyzda zähmet joşgunyny döredilýändigini, welaýatymyzda kärendeçi zenanlarymyz Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolup ene toprakdan ýylyň-ýylyna pagtanyň, gallanyň gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürýärler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasy bolup, onda teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda ýaýbaňlandyrylan sergide, ýurdumyzyň howa şertlerinde ýetişdirilen, ekologiýa taýdan arassa, we ýokary hili gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygynda ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, tebigy serişdeleri gorap saklamaga gönükdirilen döwrebap agrotehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygy görkezýär. Çünki Ýurdumyzda halkymyzy öz önümlerimiz, ekalogiýa tarapdan arassa önümler bilen üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň baş maksatlarynyň biri bolup durýandygy barada buýsanç bilen gürrüň etdim.
Şeýle-de çykyş eden egindeş zenanlar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylar forumynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-sinde ýaşaýan aýal-gyzlaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň has giňelmegi, ýokary bilim almagy, olaryň saglyk hyzmatlarynyň mümkinçilikleriniň artmagy barada giňişleýin pikir alyşmalar dogusynda gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ata Watanymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ösüşiň has-da belent sepgitlerine ýetiljekdigine ynanýarys. Il-ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli şeýle beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gurbangül Baýramkulyýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni.