Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bagy-bossanlyga öwrülen ýurdumyz.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ýazky bag ekmek dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýazky bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

        Türkmen halky ähli döwürlerde-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. ‘’Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ ýylynda hem ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

        Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň ilki nilen ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze toka-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir.

      Ynha bu ýyl hem Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken karary esasynda, 16-njy martda tutuş ýurdumyz boýunça ýazky bag ekmek dabarasy geçirildi. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň agzybir işgärleri bolup, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyna bölünip berlen ýerde bag ekmek dabarysyna gatnaşdyk. Bu bag ekmek dabarasyna talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we etrap boýunça dürli pudaklaryň işgärleri işjeň gatnaşdylar. Ählihalk bag ekmek gününde saýaly, pürli hem-de miweli agaçlar bilen bir hatarda üzüm, erik nahallary hem oturdyldy. Munuň özi ýurdumyzyň bagy-bossanlarynyň hataryny artdyryp, pasyllaryň soltany ýaz paslymyzyň gözelligine gözellik goşýar.

Bize ýaşamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutýan işleri rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri, Merjen Abdullaýewa.