Türkmen halkynyň her bir güni toýlara ulaşyp, her bir tutulýan toýlara milli äheň berilýär. Ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýuny dabaralara beslän bagtyýar türkmen halky “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyny mynasyp zähmet üstünliklerine beslemäge şaýlanýarlar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň işgärleri Çärjew etrabynyň Farap şäher hassahanasynda “Saglygym – baýlygym” ady bilen dabaraly çäre geçirdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň işgärleri golaýda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen taryhy karardyr, permanlar wagyz – nesihat edildi.
Duşuşyga Çärjew etrabynyň Farap şäher hassahanasynyň ak ýektaýly lukmanlary, şepagat uýalary, işgärleri, şeýle-de şäheriň ýaşaýjylary, dilleri senaly ak sakgaly gojalarymyz, kümüş saçly enelerimiz gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirip, olara berk jan saglygyny, uzak ömür arzuwladylar we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hassahananyň tapawutlanyp zähmet çekip gelýän ezber işgärleriniň ençemeleri Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň ýörite taýýarlan gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteti Nasiba Durdybaýewa