Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bedew batly Diýarymyzda toý bu gün!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Şu günler ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda Lebap welaýatynyň hem etraplarynda, şäherdir-obalarynda täze gadam basan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň öň ýanynda öz halkyna peşgeş beren “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary, maslahatlar, aýdym-saza beslenen çäreler, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler uly ruhybelentlige beslenip geçirilýär.

Ine şeýle dabaraly çäreleriň biri-de ýakynda Lebap welaýat atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Çärjew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Bedew batly Diýarymyzda toý bu gün” atly şygar astynda geçirildi. Dabaraly maslahata il-sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler we Agrar partiýanyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler täze ýylyň mynasyp ady, nyşany bilen baglanyşdyryp, bedew atlarymyzyň waspyny belentden ýetirdiler. Çykyş eden ildeşlerimiz Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby barada öz ýürek joşgunlaryny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen Bitaraplygyna bagyşlanyp ýazan kitaby üçin päk ýürekden öz sagbolsunlaryny aýtdylar we şeýle paýhasa eýelenen kitaplaryň dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw etdiler.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimiz barada ýazan kitaplary barada hem buýsançly sözler ýaňlanyp bedewlerimizi sarpalap, welaýatlarda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde atçylyk sport toplumlarynyň halkara derejesindäki aýlawlary gurduryp berendigi üçin, Arkadag şäherinde Abu Annaýew adyndaky atçylyk Akademiýasyny gurduryp, ýaşlaryň bu ugurdan ýokary bilimli bolmagynda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza, bu işleri üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler. Çykyş eden ildeşlerimiz “Galkynyş” Milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl altyn kuboga mynasyp bolmagyny, ine bu ýyl hem halkara derejesindäki şahadatnamalaryň ikisine mynasyp bolandyklaryny belläp, bu toparyň agzybir işgärlerine uly üstünlik arzuw etdiler.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar maslahatdan soň Lebap welaýat atçylyk sport toplumyna aýlanyp gördüler we bu ýerde zähmet çekýän ildeşlerimize zähmet üstünliklerini arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri

Bagtyýar Derkarow