Her ýylyň 9-njy maýynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşynda gazanylan beýik ýeňşiň baýramyny uly dabara bilen belläp geçýäris. Bu ýeňişde Türkmenistanly gerçekleriň hem ägirt uly goşandynyň bardygy biziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Ganym urşyň gutaryp beýik ýeňşiň gazanylanyna Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 79 ýyl boldy. Şonuň bilen bagly geçirilýän dabaralar ýurdymyzyň ähli ýerlerini gurşap aldy. Her ýyly ýeňiş baýramçylygy mynasybetli edara-kärhanalarda, mekdep okuwçylarynyň arasynda duşuşyklar guralýar. Türkmen gerçekleriniň söweşde görkezen edermenligi dogrusynda buýsançly çykyşlar edilýär. Munuň özi türkmen halky öz milli gahrymanlaryna bolan sylag hormatynyň we sarpasynyň aýdyň subutnamasydyr.
1941-1945-nji ýyllaryň urşynda gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen watandaşlarymyz kalplarymyzda ebedi ýaşaýar. Türkmen halkynyň taryhynda iň bir hasratly ýyllar bolup geçen 1941-1945-nji ýyllaryň urşynda söweşen gahrymanlaryň hatyrasy asuda, parahat diýarda ýaşaýan halkymyz tarapyndan sarpalanýar. Köneürgenç etrabymyzda şu güni “Baky alaw” ýadygärligine gül goýmak dabarasy diýseň köp adamly boldy. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň, il sylagly ýaşulylaryň, mährem eneleriň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, esgerleriň gatnaşmagynda “Baky alaw” ýadygärligine ter gül çemenleri goýuldy. Soňra etrap medeniýet merkezinde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylary estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň aýdym-sazly çykyşlarynda parahat durmuşymyzyň, berkarar watanmyzyň waspy ýetirildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA