Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek barada berilen tabşyryklardan ugur alyp maslahatlary, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikleri geçirýärler.
Ine şeýle maslahatlaryň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Dänew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda "Türkmenistanyň Halk Maslahaty - halk häkimiýetini kämilleşdirmegiň nusgasy" at bilen Dänew etrap medeniýet öýünde geçirildi.
Maslahata ýaşuly nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş işgärleri, kärendeçiler işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny, jemgyýeti ösdürmek, halkyň ýaşaýyş durmuşyny has kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has berkitmek maksatly kabul edýän taryhy çözgütleri hakda joşgunly çykyşlar etdiler.
Çykyşlarda "Her ýyl Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öň ýanynda jemgyýetiň dürli gatlaklaryndan halkyň saýlan wekilleriniň üýşüp maslahat etmegi, il-ýurt bähbitli kararlaryň kabul edilmegi bizi geljekki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar" diýilip buýsanç bilen bellenilip geçildi.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletli Maslahatlarda köp il-ýurt bähbitli çözgütleriň kabul edilendigini, nobatdaky Halk Maslahatda hem halkyň şeýle il-halky joşurjak taryhy çözgütler gazaşandyklaryny belläp geçdiler.
Maslahatyň sowamyndaky çykyşlarda Halk Maslahatynda kabul edilýän kararlaryň il-halkyň teklipleri esasynda taýýarlanýandygyny belläp geçdiler we ata-babalardan gelýän milli, demokratik ýörelgeleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlislerinde dabaralanýandygyna öz guwançlaryny beýan etdiler. Çykyşlarda peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halky üçindurmuşyň ähli ugurlary boýunça döredip berýän giň mümkinçiliklerine alkyş sözleri yzygiderli ýaňlandy.
Maslahatyň dowamynda şu günler ýurdumyzyň ähli ýerine ŞBiz Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly ruhybelentlik bilen barýarys" atly şygar astynda geçirilýän ýygnaklaryň, maslahatlaryň, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikleriň halkyň syýasy düöünjeligini artdyrmakda, il-günüň Halk Maslahatynyň durmuşdaky ornuna, ýerine ýetirýän wezipesine aýdyň göz ýetirmkde ähmiýetiniň uludygy bellenilip geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar bizi bagtyň gujagynda ýaşadyp, öz halkyny başyna täç edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow