Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Bol hasyl-bereket barym

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Balkan welaýaty boýunça beýleki ekerançylyk önümleri bilen bir hatarda bakjaçylygy ösdürmekde-de görnükli netijelere eýe bolunýar. Welaýatyň öz işine ussat badadaýhanlarynyň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda bakjaçylykda gazanylýan ýokary netijeler has-da buýsançlydyr.  Welaýatyň bakjaçylary gawundyr garpyzyň dürli görnüşlerini ekip, olaryň ýylyň-ýylyna bereketli hasyly almagy başarýarlar. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy gök, bakja hem-de miwe önümleri bilen doly üpjün etmek, şeýle-de bakja önümlerini ilatymyza elýeterli bahalar bilen  ýetirmek baradaky talaplaryna mynasyp zähmetleri bilen jogap bermegi maksat edinýän Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary Garagum derýasynyň boýlaryndaky meýdanlarda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen birlikde bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip, kemala getirmegi başarýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň türkmen daýhanlarynyň netijeli işlemegi üçin döredip berýän giň mümkinçiliginden başarjaň peýdalanyp, welaýatyň Bereket hem-de Serdar etraplarynda bakjaçylykda bitirilýän işler hem özüniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Karendeçi babadaýhanlar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň dowam edýän häzirki tomus möwsüminde gawundyr garpyzyň bol hasylynyň kemala getirilmegini başardylar. Bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň ussatlary hasaplanýan babadaýhanlar şu günler bakja önümleriniň bol hasylyny ýygnap almak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Ekin meýdanlarynda toplanan bakja hasylynyň ýygnalyp, ak bazarlarda halka ýetirilip durulmagam göwnejaý ýola goýuldy. Her günki ýygnalan bakja önümleriniň terligi bilen  ýurdumyzyň bazarlaryna iberilýänligi has-da buýsançlydyr. Bakja önümlerine bolan islegiň barha artmagy sebitin gawundyr garpyzynyň datlylygyndan habar berýär. Halal zähmet çekip, netijeli işlemek üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden  göwünleri galkynýan Balkan welaýatynyň hasyl ussatlary Arkadagly Serdarymyza  alkyş sözlerini aýdýarlar.

Aýnatäç Nedirowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni