Täze zamanada, gadam basan täze döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny dowam edip, obasenagat toplumynda durmuşa geçirýän dowamly işleri netijesinde gözümiziň alynda ata Watanymyzda ýaş, başarjaň, ene ýere bagry badaşan daýhan nesli kemala gelýär.
Muňa biz ýakynda Çärjew etrabynyň Dostluk, Galkynyş, Miras daýhan birleşiklerinde gürki sogan ekip, häzirki wagtda bol sogan hasylyny ýetişdiren daýhanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.
Iş saparymyzyň dowamynda Çärjew etrabynyň Galkynyş daýhan birleşiginde 3 gektar sogan eken Gaýbulla Öwlýakulyýew, 1 gektar ýere sogan eken Alişer Sultanow, 3 gektar ýere sogan eken Reýhan Işankulyýewa, Miras daýhan birleşiginde 3 gektar ýere sogan eken Suhrap Ýadygärow, 1,5 gektar ýere sogan eken Farhat Ýagşyýew, 1 gektar ýere sogan eken Sadat Açilowa dagylar bilen söhbetdeş bolduk. Babadaýhanlarymyzyň halal zähmet bilen ýetişdirilen sogan meýdanlaryny synlap, olar bilen içgin söhbetdeş bolduk we olaryň armasyny ýetirdik. Soganyň bol hasylyny ösdürip ýetişdiren aralyk ekinleri ekýän kärendeçilere soganyň haýsy sortuny ekendikleri, sogan ekip ýetişdirmekde edilýän agrotehniki çäreler barada sorap, göwnümize jaý bolan jogaplary aldyk. Kärendeçileriň gürrüň bermegine görä sogan ekiljek meýdana sürüm, tekizleýiş işleri geçirilen soň tohum sepmezden ozal mineral dökünler bilen iýmitlendirilipdir, soň uly atyzlar böleklere bölünip, farap sogany ady bilen öňki döwürlerden bäri adygan sogan tohumyndan, birnäçe bolsa soganyň täze sortlaryndan ekipdirler. Sogandan gögeriş alnandan soň mineral dökün bilen iýmitlendirişleri, içini hapa-haşal atlardan arassalaýyşlary, gür ekilen ýerlerde ýekelew işini geçirmek ýaly yzygiderli geçiren işleri barada eşidenimizde sogan ýetişdirmegiň hem köp zähmedi talap edýän hysyrdyly işdigine aýdyň göz ýetirdik. Aýlanyp gören Çärjew etrabynyň Dostluk daýhan birleşiginde 60 gektar, Galkynyş daýhan birleşiginde 38,5 gektar, Miras daýhan birleşiginde 60 gektar sogan meýdanlaryny synlap, ak bazarlarymyzda halkymyzyň sogana bolan islegini kanagatlandyrmakda Çärjew etrabynyň daýhanlarynyň aýratyn paýynyň boljagyna aýdyň göz ýetirdik.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow