Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş taglymaty esasynda ýurdumyzyň gündogar welaýaty bolan Lebap welaýatynda hem yzygiderli,  maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu durmuşa geçirilýän işleriň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has berkitmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ýokary derejelere çykarmak, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, il-sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, il-günimiz üçin işlemek, okamak, medeniýetli dynç almak boýunça ähli şertleri döretmekden ybaratdyr.

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Lebap welaýatymyzda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna bagyşlap dabaraly çäreler, tegelek stoldaky söhbetdeşlikler, wagyz-nesihat çäreleri tassyklanan meýilnamalar esasynda TAP-yň Lebap welaýat, etrap, şäher komitetleriniň gurnamagynda hem guramaçylykly geçirilip, teleýaýlymlarda, gazet-žurnallarda, radio gepleşiklerinde giňden şöhlelendirilýär. Geçirilýän dabaraly maslahatlarda, wagyz-nesihat çärelerinde Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagty, onuň gadyr-gymmaty barada täsirli çykyşlar diňlenilýär. Mundan başgada wagyz-nesihat çärelerimiziň ählisinde hem  ildeşlerimiziň sagdyn-durmuş ýörelgesi, ýiti öýken sowuklamasyna garşy göreş çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny ündäp, il içinde hormatlanýan ýaşuly nesliň, işjeň agzalarymyzyň üsti bilen täsirli çykyşlary gurnaýarys. Olar öz çykyşlarynda ýiti öýken sowuklama keseline garşy göreşde ýüzärligiň, soganyň, sarymsagyň, ajy burçyň we türkmen topragynda kemala gelýän dermanlyk häsiýetli iýmitleriň, ösümlikleriň peýdasy, aralygy saklamak, agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk işlerini günde talabalaýyk berjaý etmegiň düzgünleri dogrusynda aýdyň belläp geçýärler. Mundan  başgada wagyz-nesihat çärelerimizde çykyş edýän partiýa işjeňlerimiz ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek ählihalk işidir, şonuň üçin bu göreşde biziň her birimiz eli-ele berip öň hatarda ile görelde bolmalydyrys diýip belläp geçýärler. Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň biride Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsyzlyk bölüminde geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine ýaşuly nesliň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenabadyň Agrosenagat orta mekdebiniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda maslahata gatnaşyjylar welaýat ýangyn howpsyzlyk bölüminiň taryhy muzeýine syýahat etdiler we bu ugurdan gürrüň berýän taryhy we häzirkizaman eksponatlar bilen has ýakyndan tanyşdylar.

Wagyz-nesihat çärelerimiziň her birinde Halkymyzyň saglygyny goramakda, bejermekde, zamanabap derejede ähli şertleri döretmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri her bir çykyşyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.