Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Çekseň zähmet ýagar rähnet!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar.”Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda oba hojalyk işgärleri zähmet galkynyşlaryny döredip, pileden, galladan, pagtadan, aralyk ekinlerden bol hasyl ýetişdirip, döwlet borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirdiler. Ene toprakdan bol hasyl ýetişdirmek üçin Arkadagly Serdarymyz kärendeçilerimize ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalany, ene ýerden zer öndürýän babadaýhanlarymyz azyk garaşsyzlygymyzy berkarar etmäge öz saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Kärendeçiler bilen bir hatarda azyk garaşsyzlygymyzy berkitmäge ýurdumyzyň hususy ulgamynyň telekeçi babadaýhanlary hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Soňky ýyllarda Berkarar Watanymyzda azyklyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, ilaty ýylyň ähli paslynda hem ter gök-miwe önümleri bilen üpjün etmekde ýyladyşhana hojalyklaryň işine aýratyn üns berilýär. Bu babatda Hormatly Prezidentimiziň oba adamlaryna berýän kömek-goldawlaryndan ruhlanyp, zähmet çekýän Lebaply babadaýhanlar hem şu günler uly üstünlikleri gazanýarla. Ylaýtada welaýatymyzyň Çärjew, Saýat, Dänew, Kerki, Halaç etraplarynyň ýyladyşhanalarynda işler sazlaşykly ýola goýulyp, limon agaçlaryny idetmekde baý tejribe toplanyldy. Gök önümler bilen bir hatarda ýyladyşhanalarda sitruslar maşgalasyna degişli bolan limon agaçlaryny idetmek, gülleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, işleride utgaşykly alynyp barylýar. Dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýan limon agaçlaryny idetmekde baý tejribe toplan babadaýhanlaryň biri-de Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginden Astanguly Soltanyýazowdyr. Hususy mellek ýerinde mundan üç ýyl ozal 4 sotk ýerde limon nahallarynyň 89 düýbini ekip, agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýyladyşhana şertlerinde ideg edip, Astanguly aga şu ýyl limon agaçlaryndan ilkinji hasyla garaşýar. Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Agrar partiýanyň işjeň agzalary bolup, Astanguly aganyň limon agaçlaryna ideg edip ýören pursadynda armasyny ýetirip söhbetdeş bolduk. Ýyladyşhana girenimizde düzüm-düzüm bolup, limon agajynyň şahalaryndan sallanyşyp duran limonlary görüp, Astanguly aganyň çeken zähmetiniň ýerine düşendigine aýdyň göz ýetirdik. Astanguly aga bilen söhbetdeş bolanymyzda tejribeli babadaýhan asyl käri mugallymçylyk bolsada, ýaşlygyndan ene ýer bilen bagly badaşyp, daýhançylyk kärinde utgaşykly alyp gelýändigini gürrüň berdi. Mugallym hem daýhan Astanguly aganyň 38 ýyldan bäri ýaş nesle ylym, terbiýe bermek bilen birlikde mellek ýerinde hem-de daýhan birleşiginden şertnamalaýyn alan 2 gektar ýerine pagtadan, bugdaýdan, aralyk ekinlerdenem bol hasyl alyp, döwlet borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirip gelýärin diýip sözlerini eşidip guwanjymyzyň çägi bolmady. Ýaşuly mugallym söhbetdeşligiň dowamynda akyl zähmet bilen fiziki zähmedi utgaşykly alyp barmagy ata-babalarymyzam, lukmanlaram maslahat berýärler, şeýle edilende şähdinem açylyp, ruhyňam gaty belent bolýar, men bular barada ýaşlarda öz nesihatlaryny berýärin diýip ýaşuly bagtly ýylgyrdy. Astanguly aga bize limon agajynyň hasylynyň dermanlyk häsiýetleri barada düşündirip, loimonyň düzümindäki limon we alma turşusynyň, kaliý, demir ýaly mikroelementleriň ynsan saglygyna peýdasy esasan hem sowuklamada, dümewde limonyň jana melhem berýän dermanlyk iýmitdigini gürrüň berdi. Müň bir derdiň dermanyna öwrülen limon agaçlaryny idetmegiň inçe syryny ele alyp, limon agajynyň her bir düýbünden 500-700-e çenli limon ýetişdirip, ak bazarlarymyza, söwda nokatlarymyza elýeter bahadan öz harytlaryny çykarýan ildeşlerimiziň sany gün-günden köpelýär. Biz muňa Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginiň her bir obasynda 30-40 hojalygyň ýyladyşhana şertlerinde limon agaçlaryny ýetişdirýändigini görüp, aýdyň göz ýetirdik.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow