Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Kerki etrap komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Kerki etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginde gowaça meýdanynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Agrar syýasatyny wagyz etmek, daýhanlarymyzyň armasyny ýetirmek maksatly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Agrar partiýanyň işgärleri, işjeň partiýa agzalary bu daýhan birleşiginiň çäginde zähmet çekýän kärendeçilere Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny has kämilleşdirmek maksatly edýän işlerini, durmuşa geçirýän maksatnamalaryny, döredip berýän ýeňilliklerini, mümkinçiliklerini birin-birin wagyz etdiler.
Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Kerki etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň pagtaçy, gallaçy kärendeçisi Çary Kulyýew gowaça meýdanyna gelip armasyny ýetirdiler. Bu gowaça meýdanynda Çary aganyň 20 gektara gowaça ekip, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirip, gazanan üstünlikleri bizi haýrana galdyrdy. Ýylyň iýun aýynyň 3-nji ongünliginiň dowamynda gowaça meýdanlarynda ilkinji güllän gowaça gülüni görmek biziň her birimiz üçin uly bagt. Ýöne biz Çary aganyň gowaça meýdanynda sagydyn, gününi sanap ese boýa galan gowaça nahallaryny, her bir gowaça nahalynda gülläp oturan ak, gyzyl güller bilen deň hatarda gowaçanyň köreklerini görmeklik biz üçin aýratyn şatlykly pursada öwrüldi. Welaýatymyzyň çäginde, ýurt derejesinde Çary aga ýaly öz hünärine, kesbi kärine ökde, ene ýerden bagt tapan kärendeçilerimiz barha oba hojalyk pudagynda uly ösüşler gazanylar. Biz bir zady pugta ýatlap geçmelidiris. Çünki Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyz oba hojalygyny düşewüntli pudaga öwürmek üçin uly işleri etdi, ynha häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Şol döredilýän giň şertler bolsa babadaýhanlarymyza ene toprakdan bol hasyl ýetişdirmeklerine giň şertleri döredýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow