Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe beýleki pudaklar bilen deň hatarda oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Arkadagly Serdarymyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän babadaýhanlarymyza suw, tohum, dökün, kuwwatly tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edip durmagy, ýerlerde daýhanlaryň ýerden bol hasyl almaklaryna giň mümkinçilik döredýär.
Biz ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Saýat etrap komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary bolup, Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginde zähmet çekýän babadaýhanlarymyzyň armasyny ýetirmek maksatly bardyk we bu ýokarda ady tutulan daýhan birleşiginiň çäginde zähmet joşgunlarynyň gaýnap joşýandygynyň aýdyň şaýady bolduk.
Biz şol pursat öz ömrüni ene topraga baglan topar ýolbaşçylar, kärendeçi babadaýhanlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşlikde Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň №11 kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Jora Rozyýew maşgalasy Güljan Rozyýewa bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda 5,5 gektar bugdaý kärende ýerinden 48 sentner, 26,5 tonna bugdaý ýetişdirip, döwlet harmanyna tabşyrandyklaryny uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Olar bugdaýdan boşan ýerine şaly ekip, gowy gögeriş alypdyrlar. Al-elwan öwüsip, boýy ýeten şaly meýdanyny synlap, kärendeçileriň üstümizdäki ýylda şalydan bol hasyl aljakdyklaryna bolan ynamyň goşalanýar.
Biz şol gün Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň №4 kärendeçiler toparynda zähmet çekýän kärendeçi Haýdar Bekniýazowyň hem armasyny ýetirip, onuň daýhançylyk işi bilen has ýakyndan tanyşdyk. Köp ýyllardan bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp, ene toprakdan bereket tapan Haýdar aga şu ýylyň galla oragy möwsüminde 5 gektar bugdaý kärende ýerinden 44 sentner, jemi 22 tonna bugdaý hasylyny ýygnap, döwlet borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirip, Watan harmanyna tabşyrypdyr. Bugdaýdan boşan ýerine Haýdar aga mäş ekip, gowy gögeriş alypdyr. Şu günler Haýdar aganyň eken mäşleri hasyla durup başlapdyr. Haýdar aganyň eken mäşleriniň hasyly edil noýba ýaly, iri düwmegi mäşli atyzlaryň bol hasyl berjekdigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Biz iş saparymyzyň dowamynda Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň başlygy Şöhrat Annamyradow bilen söhbetdeş bolduk.
Daýhan birleşigiň başlygy söhbetdeşligiň dowamynda Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşigi döwlete pagta tabşyrmakda, bugdaý, pile tabşyrmakda elmydama döwlet borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirip gelýändiklerini aýdyp, babadaýhanlarymyza Arkadagly Serdarymyzyň ähli şertleri döredip berýändigini buýsanç bilen belläp geçdi. Ol söhbetdeşligimiziň dowamynda daýhan birleşigiň çäginde bugdaýdan boşan ýerlere mäş, şaly, kelem, käşir, pomidor, hyýar ýaly dürli oba hojalyk ekinleriniň ekilip gowy gögeriş alnyp, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bejergi, suwaryş, mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işleriniň talaba laýyk ýola goýlandygyny aýdyp, bu ýyl hem babadaýhalarymyz edil geçen ýylkylar ýaly aralyk ekinlerden bol hasyl ýetişdirip, ak bazarlarymyza, söwda nokatlarymyza çykaryp, azyk Garaşsyzlygymyzy berkitmäge öz goşantlaryny goşarlar diýip uly ynam bilen belläp geçdi.
Bagtyýar Derkarow
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiettiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty