Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Çekseň zähmet - ýagar rähnet!

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzda babadaýhanlarymyza ýyladyşhana şertlerinde gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin giň şertler döredildi. Döredilýän giň şertlerden ruhlanyp ildeşlerimiz öň biziň ene topragymyzdan ösmedik suptropik ekinler bolan limon, banan, papaýa, kokos ýaly azyklyk ekinleri biziň topragymyzda ýyladyşhana şertlerinde ösdürip, bol hasyl kemala getirmegiň hötdesinden geldiler.

Öň gyzyl pula daşary ýurtlardan satyn alnan bu azyklyk önümleriniň indi öz ýurdumyzda öndürilip, halkymyzyň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyryp bilmegi uly üstünlikdir.

Biz ýakynda Saýat etrabynyň “Çaltut” geňeşliginiň çäginde öz hususy melleginde ýyladyşhana şertlerinde limon ösdürip ýetişdirýän Kuwwatowlaryň we Soltanyýazowlaryň maşgalalaryna baryp, olaryň ýetişdiren limon hasyllaryny ýakyndan synladyk we olaryň armasyny ýetirdik. Kuwwatow Öwlýaguly aga mundan 15 ýyl öň ýyladyşhana gurup, 60 düýp limon nahalyny ekipdir. Limon agaçlaryna gowy garaşyk edilen soň 3 ýyldan hasyl durupdyr. Limon agaçlary her ýyl hasyllaryny artdyran soň Öwlýaguly aga hususy melleginde ýene-de 2 sany ýyladyşhana gurupdyr. Ol ýyladyşhanalaryň birinde 30 düýp, beýlekisinde 10 düýp 5-6 ýyllyk limonlar hasyla durupdyr. Bu maşgala her ýyl 2 tonnadan gowrak limon hasylyny ak bazara çykaryp, halal girdeji gazanýar.

Gawun-gawundan reňk alar diýlişi ýaly bu owadan Astanaguly Soltanyýazow hem edil Öwlýaguly aganyňky ýaly ýyladyşhana gurmagy arzuw edip, mundan 6 ýyl ozal ýyladyşhana gurupdyr. Limon nahallarynyň 89 düýp nahalyny Kerki etrabynda limon ýetişdirýän dosdundan alypdyr. Astanaguly aganyň asyl käri zähmet mugallym bolan soň limonlara agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçiren soň limonlar 3 ýyldan hasyl durupdyr. Astanaguly aganyň aýtmagynda görä her ýyl limon agaçlary hasyllygyny artdyrýar. Limon agajy şeýle jana şypaly bolan soň Astanaguly aga her ýyl limon nahallarynyň 500 düýbüni kemala getirip, limon ekjek adamlara elýeter bahadan satmagyda ýola goýupdyrlar. Häzirki wagtda hem Astanaguly aganyň ýyladyşhanasynda limon nahallarynyň 300-den gowragy bar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow