Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Saýat etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda Saýat etrabynyň Döwletabat daýhan birleşiginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Agrar syýasatyny wagyz etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada we Halk Maslahatynyň durmuşyndaky orny düşündirmek maksatly bagbanlaryň, kärendeçileriň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar maslahatdan soň Saýat etrabynyň Döwletabat daýhan birleşiginde ekin meýdanlaryny, baglaryny synlap, armasyny ýetirdiler.
Saýat etrabynyň Döwletabat daýhan birleşiginiň 2-nji kärendeçiler toparynda ýerleşýän Bagtyýar Seýliýewiň bagynda wagyz-nesihat çärä gatnaşan işjeň partiýa agzalarymyz öz kärine ussat bagbanyň ýetişdiren bagyny synlap, armasyny ýetirdiler. Bagban Bagtyýar Seýliýew öz maşgala agzalary bilen 1 gektar ýeri kärendesine alyp, ol ýere şetdaly, erik nahallaryny ekipdir. Ynha 3 ýyldan soň Bagtyýaryň bagynda öu ýyl erigiň, şetdalynyň bol hasyly kemala gelipdir. Ata babalarymyzyň "Çekseň zähmet ýagar rähnet" diýen sözlerine biz Bagtyýaryň bagyny synlap aýdyň göz ýetirdik, Şahalaryna agzam berip, sallanyp duran şetdalylary synlap, uly ruhy joşgun aldyk.
Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Saýat etrabynyň Döwletabat daýhan birleşiginiň üzümçi bagbany Atamyrat Imamkulyýewiň üzüm bagyna üýşdiler. Atamyrat aga bilen söhbetdeş bolanymyzda 20202-nji ýylda üzüm ekmek üçin 1.5 gektar ýeri kärendesine alyp, il içinde köp isleg bildirilýän zümleriň 5 görnüşini ekendigini, şu ýyl hem üzm bagynyň ilkinji hasylyny ýygnaýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi. Atamyrat aga bize gelejekde öz maşgala agzalary bilen üzümiň görnüşleriniň sanyny köpeltmegiň, bagynda irki hem giçki üzmleri köpeldip, halkymyza elýeter bahadan hödürlemegi maksat edinýändigini belläp geçdi. Atamyrat aganyň üzüm bagynda sallanşyp duran ruhymyza ryh goşuldy. Bagban gürrüňdeşligimiziň dowamynda üzüm agajynyň suwsyzlyga çydamlylygy hakynda aýdyp, üzüm agajyny gyş suwundan gandyrsaň. ol saňa bol hasylyny eçilip dur diýip buýsanç bilen belläp geçdi.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Saýat etrabynyň Döwletabat daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileriniň, pagtaçy kärendeçileriniň hem armasyny ýetirdiler. Bu daýhan birleşiginde 130 gektar ýere şaly ekilip, ýokary gögeriş alnypdyr. Şu günler şalylar ýaşyl öwsüp, ese-boýa galy, günini sanap ösýär.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Döwletabat daýhan birleşiginde gowaça meýdanlaryny aýlanyp gördüler, açylyp duran ilkinji ak hanalary maňlaýyna sylyp, kärendeçileriň armasyny ýetirdiler.
Ine ýene sanaglyja pursatdan ýurdumyzda Arkadagly Gahryma Serdarymyzyň ak patasy, ýaşuly nesliň bismillasy bilen pagta ýygymyna badalga beriler. Haçan-da biz daýhan birleşihiniň agronomlary bilen söhbetdeş bolanymyzda bu daýhan birleşiginde 2024-nji ýylyň pagta ýygymyna uly taýýarlykly gelýändiklerine, gowaça meýdanlarynda açylyp duran pagta hanlaryny, düzüm bolup duran körekleri, düzülip duran gowaça güllerini synlap, bu daýhan birleşiginiň döwlet borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge mümkinçilikleriniň uludygyna aýdyň göz ýetirdik. Saýat etrabynyň Döwletabat daýhan birleşiginiň çäginde geçiren wagy-nesihat çäresinde hem-de gowaça, şaly meýdanlarynda baglarda babadaýhanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar päk kalbyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz sagbolsunlaryny, hoşallyklaryny buýsanç bilen gürrüň berýärler. Biz hem köpüň dilegi rysgal-berekede, ruhy joşguna öwrülip, bizi bagtyň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edýäris.
Goý mele suwly derýalarymyň joşup aksyn, her bir däne suwumyz altyna öwrülsin, ýere atan her bir tohumymyz müňläp halkymyza rysgal-bereket eçilsin.
Biz hem Saýat etrabynyň döwletabat daýhan birleşiginde arman-ýadaman zähmet çekýän babadaýhanlara ýene bir gezek armaň Döwletliden döwlet tapan babadaýhanlar diýmek bilen olara zähmet ýeňişlerini arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow