Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýleki pudaklar bilen deň hatarda oba senagat toplumy hem ösüşlere beslenýär. Şu günler güýz paslynyň gelmegi bilen oba hojalyk pudagynda işiň gyzgalaňly döwri möwç urýar. Babadaýhanlarymyz pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmak, bugdaý ekişini üstünlikli tamamlamak, gögeriş alnan bugdaý meýdanlaryna suw tutmak, aralyk gök-bakja ekinlerine, mal otlaryna ideg etmek, hasyla durup ýetişenlerini ýygnap ak bazarlarymyza, sowadyjy ammarlara tabşyrmak ýaly işleri guramaçylykly alyp barýarlar. Babadaýhanlarymyzyň ýygan pagta hasyllaryny pagta kabul ediş nokatlaryna, pagta arassalaýjy kärhanalaryna daşamak işlerinde guramaçylykly alnyp barylýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap komitetleriniň gurnamagynda Saýat etrabyndaky Garabekewül tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanasynda Hormatly Prezidentimiziň Agrar syýasatyny wagyz etmek, Halk Maslahatynyň taryhy çözgütlerini halka gyzgyny bilen düşündirmek, Hormatly Prezidentimize “Altyn aý” altyn medalynyň gowşurylmagyna we Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagyna öz buýsançlarymyzy paýlaşmak maksatly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatda Agrar partiýanyň işjeň agzalary, welaýatymyzyň öňdebaryjy kärendeçileri, Geňeş agzalarynyň işgärleri, kärhananyň öňdebaryjy işgärleri işjeň gatnaşdylar we buýsançly çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň Agrar syýasaty esasynda oba hojalyk pudagynda dowam edýän işleriň welaýatymyzda üstünlikli durmuşa geçirilişi, pagta ýygymynda, bugdaý ekişinde daýhanlara ähli şertleriň döredilişine hoşal bolup, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýtdylar. Çykyşlarda Halk Maslahatynda halk köpçüliginden gelen teklipler esasynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Hormatly Prezidentimize “Altyn aý” altyn medalyň we Türkmenistanyň Gahrymany diýen beýik adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Çykyşlarda mundan başga-da Halk Maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy karary esasynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimizi mähirli gutlap, öz halky üçin döredip berýän giň şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.
Bagtyýar Derkarow Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri