Şu günler ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda, ähli obalarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy çözgütlerini, Arkadagly Gahryman Serdarymyza “Altyn aý” altyn tapawutlandyryş nyşanynyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy mynasybetli dabaraly maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, aýdym-saza beslenen dabaralar uly ruhybelentlikde geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahatlar Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda, Saýat etrabyndaky Garabekewül tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanasynda, Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň medeniýet öýünde we ýene-de birnäçe edara-kärhanalarda geçirildi. Dabaraly maslahatlarda çykyş eden ýaşuly nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň işjeň agzalary Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we şol taryhy maslahata gatnaşyp, şeýle taryhy parasatlaryň gözli şaýatlary bolandyklaryna bolan ýürek guwançlaryny beýan etdiler.
Ýaşuly nesliň wekilleri öz çykyşlarynda Halk Maslahatynda ýaşuly nesliň wekilleriniň we halk köpçüliginiň teklipleri esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly adyň dakylmagyna öz guwançlaryny beýan edip, Maslahatyň gyzgalaňly gidip duran wagtynda eline türkmen Baýdagyny alyp, ildeşimiz iki doganlyk ýurduň Gahrymany Kosmonawty Ýuriý Kononenkonyň kosmos giňişliginden ýollan gutlagyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Soňra çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny berkitmekde, Bitaraplygymyzy dünýä ýaýmakda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ösdürmekde amala aşyran beýik işleri barada buýsançly çykyş etdiler we bu işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz has-da ösdürýär diýip belläp geçdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gysga döwürde ýurdumyzy köpugurly ösüşlere besläp, Milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmakda, halkara gatnaşyklarymyzy ösdürmekde, türkmen ykdysadyýetini berkitmekde, ýaşaýyş-durmuşymyzy dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik işleri üçin köp-köp alkyşlary aýtdylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow