Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz awgsut aýnyň 31-ne sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Daşoguz welaýatynda sentaýbr aýnyň 15-ne pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bu sähetli gününde Daşoguzly pagta kärendeçiler Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly ýaşulylarymyzyň “bissimillasy” bilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli dabara welaýatymyzda öňdebaryjy etraplaryň hatarynda tanalýan Şabat etrabynyň ak altynly pellerinde geçirildi. Bu ýere welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulylar, öňdebaryjy kärendeçiler, oba hojalygynda zähmet çekýän beýleki işgärler jemlendiler. Ak-altynly pelleriň töweregine jemlenenler il sylagly ýaşulylarymyzyň “bissimillasy” bilen pagta ýygymyna başladylar. “ak-zat alnyňa ýagşy” diýlen pähimi uýýan halkymyz ak pagtany alnyna syndylar, birek-birege “harmanyňyza bereket” diýip ýagşy arzuw niýet aýtdylar. Şu taryhy ýylmyzyň ilkinji ak altyn tonnalary Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasyna getirildi. Pagta arassalaýjy kärhanada hem ilkinji ak-altynyň gelmegi mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň geçiriljek ýeri baýramçylyk ruhyna kybap derejede bezelip, ýaşyl tugymyzyň al asmana erkana pasyrdaýşy, köp öwüşgünli sergileriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, gelin-gyzlarmyzyň üme dessurynyň berjaý edilmegi, aýdym-sazyň hoş owazynyň belentden ýaňlanmagy, joşgunly tanslaryň, folklor toparynyň sahna oýunlarynyň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Sergilerde gelin-gyzlarymyzyň el-işleriniň, milli şaý seplerimiziň, dokma we ýüplik önümleriniň, oba-hojalygyna degişli bolan däneleriň, oba hojalygynda ulanylýan gurallaryň, himiki serişdeleriň, azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň sergilerini bu ýere ýygnalanlar örän ruhybelentlik bilen synladylar. Bu köp öwüşgünli sergiler geçen sanlyja ýyllaryň içinde ýurdymyzda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri açyp görkezdi. Soňra il sylagly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, öňdebaryjy kärendeçiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda peder ýolyny mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýurdymyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak, oba hojalykçylaryň, kärendeçileriň işlemekligi bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmekligi üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler barada giňişleýin aýdyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çäräniň dowamynda welaýatymyzyň öňdebaryjy kärendeçilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşyryldy. Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Welaýatymyzyň tanymal bagşy sazandalary estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, ajap döwrimizi, Arkadagly Serdarymyzyň rowaç işlerini, päk zähmeti wasp etdiler. Soňra dabara gatnaşanlar ýylda 40 müň tonna tohumluk gowaça çigidini gaýtadan işlemäge ukyby bolan pagta arassalaýjy kärhanany aýlanyp gördüler. Bu ýerde kärendeçileriň yhlasly zähmetleriniň netijesinde kemala gelen ak-altyn hasyly senagat taýdan gaýtadan işlenip taýýar çig mal görnüşine getirilýär. Kärhanada ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, kompýuterler esasynda dolandyrylýar, işgärleriň işlemekligi üçin ähli amatly şertler döredilen. Munuň özi ak-altyn hasylyny gysga wagtda sanagat taýdan gaýtadan işlenilip, egriji fabriklerimiziň ýeterlik mukdarda çig mal bilen üpjin edilmegine mümkinçilik berer. Bular bilen giňişleýin tanyşan dabara gatnaşyjylar ýurdymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna çyn ýürekden hoşallyk sözlerini berýan etdiler. Şol güni welaýatymyzyň ähli etraplarynda pagta ýygymyna girişildi. Harmanyňyza bereket Gahryman Arkadagymyz, harmanyňyza bereket Arkadagly Serdarymyz, Harmanyňyza bereket edermen babadaýhanlar.
Gülhumar HOJAHMETOWATürkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni