Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toý-baýrama beslenýär. Bahar paslynyň gelip ýere ýyly girmegi bilen oba hojalyk pudagynda işleriň gyzgalaňly döwrüne badalga berilýär. Häzirki wagtda babadaýhanlarymyzy ak ekinlere ideg etmek, ekilen ýer almalara, sogana idegi güýçlendirmek, ýüpek gurçugyny örüzmek we ideg etmäge taýýarlyk görmek, ýazky gowaça ekişine taýýarlyk görmek we ýokary derejede ekiş geçirmek ýaly yzygiderli işleri durmuşa geçirýärler.
Ynha, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän babadaýhanlarymyzyň tutanýerli zähmetleri, Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitler dogrusynda Lebap welaýat häkimliginiň, TAP-yň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat Ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnan dabaraly çäresinde-de bular dogrusynda giňden bellenilip geçildi. Dabaraly çärä welaýatymyzyň Kerki, Halaç, Çärjew, Dänew, Farap etraplaryndan öňdebaryjy kärendeçiler, gaýratly mehanizatorlar, Mejlisiň deputatlary, Agrar partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Dabaraly çäräniň dowamynda dabara gatnaşyjylar welaýat Ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleriniň welaýatymyzda gowaça ekişine badalga berilmegi mynasybetli oba hojalyk önümlerini, gaýtadan işlenen dokma önümlerini özünde jemleýän täsirli sergisine syn etdiler. Olar sergini synlap öz maňlaý derleri bilen ýetişdiren ak pagtalarynyň Arkadag Prezidentimiziň gurduryp beren köşk ýaly muzeýiniň töründen orun alandygyna, ak pagtadan öndürilen dokma önümleriniň muzeýi bezäp duranyny synlap has-da buýsandyrdy. Sergini synlap ak altyndan daglar döretýän ussat kärendeçilerimiz, gaýratly mehanizatorlarymyz Milli Liderimiziň satyn alyp beren kuwwatly tehnikalary bilen gysga wagtda gowaça ekişini tamamlap, idegini ýetirip, gowy hasyl ýetişdirip Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýuna zähmet ýeňişleri bilen geljekdiklerini welaýatymyzyň ähli oba hojalyk işgärleriniň adyndan berk ynandyrdylar we Milli Liderimiziň adyna köp alkyşlar aýtdylar.