Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen bilelikde Dänew etrabynyň medeniýet öýünde ýakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatyň we Mejlisiniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň ata-baba ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda Konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmek maksatly eden tekliplerini goldap, “Demokratik özgertmeleriň täze tapgyryna badalga” atly maslahat geçirdi. Maslahatda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň işjeň agzalary çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň orta atan teklipleri esasynda Konstitusion toparyň döredilendigini, bu toparyň öňünde Konstitusiýamyza täze özgertmeleri girizip, giň düzümi öz içine alýan Halka Maslahatyny döretmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek, Kanun çykaryjylyk hukugy Mejlise bermek we ýurdumyzyň döwlet gurluşyna giriziljek özgertmeleri on güniň dowamynda taslamasyny täýýarlamak wezipesiniň durandygyny halk köpçüligine düşündirdiler. Ata-baba ýol-ýörelgesine eýýerilip, üç müň wekili özünde jemlejek Halk Maslahatynyň durmuşdaky örny, ýerine ýetirjek wezipesi barada sorag-jogaplar alyşyldy. Maslahatda çykyş edenler iki palataly Parlamentden bir palataly Parlamente geçmekligi, Halk Maslahatynyň täze düzümini tassyklamanlygy we şol nukdaýnazardan durmuşa geçiriljek Konstitusion özgertmeleri tüýs ýüreklerinden goldaýandyklaryny aýan etdiler.
Çykyş edenler ýurdumyzda Konstitusion özgertmeler durmuşda dabaralandyryp, halkymyzyň bagtly, bolelin durmuşy üçin gije-gündiz alada edýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize uzak ömür, berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler. Maslahatyň soňunda ýurdumyzda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlaryna öňlerinde duran jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Bagtyýar Derkarow