Şeýle at bilen Köneürgenç etrap häkimliginiň, zenanlar we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde gurnamagynda Serdar toý mekanynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň geçiriljek ýeri köp öwüşgünli çyralar, täze ýyl arçalary bilen bezelmegi, aýaz babadyr akpamygyň gatnaşmagy çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Saçaklar giňden ýazylyp geçirilen çärä etrabymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyz uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dürli nazu-nygmatlardan doly saçak başyna jemlenen ildeşlerimiz birek-biregi täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, bagtyýarlyk döwrümizi peşgeş beren, her bir raýatyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamgy, döretmegi, gurmagy ugryndan bimöçber alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Etrap medeniýet bölüminiň Täze ýyl baýramy mynasybetli ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Jeren Amanowa, Arazsoltan Hallyýewa, Gülşürin Gurbannazarowa, Perman Babajanow, Nurmuhammet Gurbanow, Agamyrat Haýtekow, Magsat Meredow ýaly aýdymçylar we çagalar sungat mekdebiniň aýdymçylary täze ýyl baýramçylygyny, ýurdymyzyň bedew batly ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaň salýan rowaç işlerini wasp etdiler. Etrap medeniýet merkeziniň tans toparynyň joşgunly tanslary, çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparynyň skripka sazyny ýerine ýetirmegi çärä gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn el şarpyşmalar bilen garşylandy. Uzak wagtlap dowam eden baýramçylyk çäresi bu ýere ýygnanalara baýramçylyk şatlygyny paýlady, ata Watana bolan söýgüsini ardyrdy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA