Hemmämize mälim bolşy ýaly, Monakonyň Monte-Karlo şäherinde indi 47-nji gezek geçirilýän sirk festiwalynyň çäklerinde halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Toparyň agzalary ajaýyp çykyşlary bilen ýene bir gezek tomaşaçylary haýran galdyryp altyn medala mynasyp boldular.
Şu golaýda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň altyn medala mynasyp bolandygy mynasybetli gutlag we hoşallyk maslahaty Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda geçirildi. Maslahatda çykyş edenler dünýä ýüzünde meşhur bolan Türkmen Milli sirk sungaty esasanam “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary, milli mirasymyzy ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýandygyny, toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, baş baýraklara mynasyp bolanlygy, owadanlykda deňi taýy bolmadyk behişdi ahalteke atlarynyň ýyndamlygy, çeýeligi barada hem-de öz gutlag sözlerini, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
“Galkynyş” toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzyň atçylygynyň, medeniýetiniň we sungatynyň dünýädäki abraýyny belende götermek ugrunda mynasyp işleri alyp barýarlar.
Maslahatyň dowamynda welaýat medeniýet merkezleriniň aýdymçy-sazandalarynyň çykyşlary maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni: Gurbangül Baýramkulyýewa.