Ata Watanymyzda gazanylýan her bir belent sepgitleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň goldaw hemaýatlary, ýadawsyz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasady durandyr. Gadam basan 2022-nji ýylymyzyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýlip atlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen sebitde durnuklylygy üpjün edýän hemişelik Bitarap döwletimiziň we asuda jemgyýetimiziň öňegidişlikleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, ähli tagallalary ösüşiň täze belentliklerine tarap gönükdirmäge giň ýollary açýar.
Häzirki wagtda welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri ýerleri we tehnikalary gowaça ekişine taýýarlamak ugrunda tutanýerlikli zähmet çekýärler. Ak meýdanlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm geçmek we tekizlemek işleri utgaşykly alnyp barylýar we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Mundan başga-da guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirmek hyjuwy bilen zähmet çekýän gallaçy daýhanlary hem güýzlük däne ekilen meýdanlara ideg etmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Ak ekiniň ideginiň geljekki bol hasylyň girewidigine oňat düşünýän gallaçy daýhanlar häzirki meýdan işlerine örän jogapkärli çemeleşýärler.
G. Durdymämmedow
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk
we syýasy işler bölüminiň müdiri