Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ekologiýa abadançylygyna, daşky gurşawa aýawly göz bilen garamak, çölleşmä garşy göreş, suwy tygşytly ulanmak, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap, geljekki nesle ýetirmek ýaly ugurlar boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Bu işleri Arkadag Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär. Ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa, daşky gurşawy goramaklyga bagyşlanyp dürli çäreler geçirilýär.
Ine şeýle çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Amyderýanyň gözel kenarynda geçirildi. Medeni köpçülik çäresinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işgärleri, ýörite okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary buýsançly çykyşlary etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda tebigaty goramaga bagyşlap kabul edilen kanunlar, kodeksler hakda, welaýatymyzda hereket edýän tebigy döwlet goraghanalarda alnyp barylýan işler hakda, ýurdumyzda geçirilýän ýazky hem güýzki bag ekiş dabaralary, Altyn asyr Türkmen kölüniň eşretleri hakda täsirli çykyşlar etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ekologiýa, daşky gurşawy gorap saklamak, çölleşmä garşy göreş, süýji suwlary aýawly peýdalanmak, deňiz suwuny süýji suwa öwürmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş maksatly Aşgabatda halkara merkezi döretmek ýaly ugurlarda BMG-nyň münberinden eden teklipleriniň bir agyzdan goldanylyp, durmuşa geçirilýändigine öz ýürek buýsançlaryny täsirli beýan etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we beýlerki ugurlarda başyny başlan halkara derejesindäki işlerini Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär diýip joşgunly belläp geçdiler. Soňra medeni çärä gatnaşyjylar Amyderýanyň gözelliklerine, täsin tebigatyna gezelenç etdiler.
Bagtyýar Derkarow
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri