Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen deň hatarda Lebaply gallaçy babadaýhanlar hem gallanyň bol hasylyny ösdürip kemala getirdiler.
2024-nji ýylyň galla hasyly üçin Lebaply gallaçylar 130 müň gektar ýere bugdaý ekip, agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirip, döwlet harmanyna 310 müň tonna galla hasylyny tabşyrmagy öz öňlerinde meýilleşdirdiler. Ine çekilen halal zähmediň, daýhanlar üçin döredilen giň şertleriň netijesinde bugdaý meýdanlarynda gallanyň bol hasyly kemala getirildi.
Ýakynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda iýun aýynyň 7-sinde, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda iýun aýynyň 14-inde galla oragyna girişmek we galla oragyny guramaçylykly ýola goýmak baradaky taryhy karara gol çekdi.
Her ýylky bolşy ýaly üstümizdäki ýylyň galla orak möwsümine hem Lebaply gallaçylar taýýarlykly geldiler. Lebap welaýat häkimligi tarapyndan döredilen toparlar ýerlerde entek galla oragy başlamanka öz işlerine girişip başladylar. Ýerlerde galla oragy mynasybetli döredilen toparlarda her daýhan birleşikde, daýhan hojalykda oraga gatnaşjak sürüjiler, kombaýnçylar, ýangyç guýujy maşynlar, kombaýnlar, awtoulaglar sandan çyksa öz wagtynda sazlar ýaly sazlaýjylar, kebşirleýjiler, mehanikleriň sanawyny tassyklandy. Umuman galla oragy wagtynda işleri bökdençsiz we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli şertler, ähli mümkinçilikler döredildi.
Biz muňa ýakynda Saýat etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginde galla oragynyň guramaçylykly ýola goýulandygyny ýakyndan synlap armalaryny ýetirenimizde hem aýdyň göz ýetirdik. Biz zähmet joşgunynyň möws alýan galla meýdanynda Lebap awtoulag kärhanasynda 34 ýyl bäri sürüji bolup işleýän, her ýyl galla oragyna işjeň gatnaşýan sürüji Ýazmyrat Rozyýew, “Class”galla orujy kombaýnyň sürüjisi Myhman Agamyradow bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar bize bugdaý meýdanlarynda bol hasylyň ýetişdirilendigi, ýetişen hasyly zaýasyz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakda gije-gündiz zähmet çekýändiklerini, galla oragy möwsüminde işlemek üçin, dynç almak, naharlanmak üçin ähli şertleriň döredilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler we galla oragyny öz wagtynda ýerine ýetirjekdiklerini berk ynandyrdylar.
Biz haçanda Saýat etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginiň 5-nji toparynyň topar ýolbaşçysy Meýlis Baýramgeldiýew bilen söhbetdeş bolup, armasyny ýetirenimizde ol bize her ýylda hem sähra zonada, çäkde ekilen bugdaý hasylynyň tiz ýetişýändigi sebäpli galla oragynyň bu ýyl hem ilkibaşda geçirilendigini, çöl ýerlerinde döwlet tarapyndan gektara 18% sentner borçnama goýulandygyny ýöne hasyl bol ýetişip, her gektardan 30-32% sentner hasyl alnyp, döwlet borçnamany artygy bilen ýerine ýetirendiklerini buýsanç bilen belläp geçdiler.
Haçanda biz daýhan birleşiginiň 1-nji toparynyň topar ýolbaşçysy Narmyrat Gurbandurdyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda ýeriň howa-toprak derejesine garap, döwlet borçnamasynyň goýulýandygyny, bu toparyň ýerleşýän ýeri medeni zonada mes toprakly ýerde ýerleşen soň her gektardan 35% sentner döwlet borçnamalarynyň goýulandygyny gürrüň berdi. Gürrüňdeşligimiziň dowamynda Narmyrat bize toparynda zähmet çekýän bugdaýçy kärendeçileriň ählisiniň hem 40 % sentnerden 55% sentnere çenli hasyla garaşýandyklaryny uly ynam bilen gürrüň berdi.
Biziň armasyny ýetirip baran ýerimizdäki bugdaý meýdanynyň kärendeçileriň ählisiniň hem 40 sentnerden aşyryp, döwlet borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri Narmyradyň aýdýan sözlerini aýdyň tassyk etdi.
Biz hem Saýatly gallaçy kärendeçilere zähmet ýeňişlerini arzuw edip, olara Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň babadaýhanlar üçin döredip berýän giň şertlerini düşündirdik we ýurdumyzyň Agrar syýasaty boýunça amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdik.
Şeýle buýsançly pursatda bugdaý meýdanlaryny zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrýan Lebaply gallaçy kärendeçilere, galla oragyna gatnaşýan ähli ildeşlerimize zähmet ýeňişlerini arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow