Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Türkmenabat şäher komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäher häkimliginiň uly zalynda medeni, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Türkmenabat şäher komitetiniň işgärleri, ilikinji partiýa guramalaryň işjeň agzalary, kümüş saçly eneler, il ýaşulylary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly, uzakdan görüjilikli, köp jähitli häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň, eziz Watanymyzda her bir maşgalanyň, her bir raýatyň parahat, howpsuz, abadan, sagdyn we bagtly durmuşynyüpjün etmek üçin Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, ynsanperwer-medeni durnukly ösdürilmegine gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer taglymatlary, milletiň Liderimiziň eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen köp jähtli maksatlaýyn döwlet maksatnamalaryna edermen türkmen halkynyň uly seslenmesine eýe bolsy, türkmen halkynda döretmäge, döredijilige ägirt uly gujury oýardy, beýleki taryhy işlere gatnaşýandygy üçin ýokary watançylyk duýgusyny, Gahryman Arkadagymyza, mähriban halkyna hem-de eziz Watanymyza gulluk etmäge özüniň ähli işini bagyşlaýan beýik ynsana, syýasatça, döwlet we jemgyýetçilik işgärine ählihalk söýgüsini döretdi.
Wagyz-nesihat duşuşygyň döwamynda 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa “...ata watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän döredijilikli, halal we päk ýürekli zähmetini hem-de nusgalyk işlerini, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzdan, jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowuşýan köp sanly haýyşlary we teklipleri nazara alyp, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramy mynasybetli.” Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen at dakyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag bilen halkyň bitewüliginiň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekden üstünlikleriň wajyp, mizemez esas bolup durýandygyny durmuş, syýasy tejribe tassyklaýar. Bu barada milletiň Lideri ägirt uly guwanç we aýratyn buýsanç bilen şeýle diýip belleýär: “Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde merdana türkmen halky dünýäde özüni paraahtçylyk söýüji, döstlukly gurmagy we döretmegi başarýan milletdigini aýdyň görkezdi. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk döwrüniň üstünliklerine hem-de taryhy ýeňişlerine buýsanýar”.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe syýasy, ykdysady, durmuş, ekologiýa, hukuk, medeniýet, ylym-bilim, sport hem-de ýaşaýyş durmuşynyň beýleki ulgamlarynda amala aşyrylýan köp jähtli özgertmeleriň üstünligi olaryň türkmen halkynyň milli, ruhy we maddy gymmatlyklaryny dikeltmek bilen häzirki zaman innowasion tehnnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň sazlaşygy esasynda berk durmuşa gönükdirilendigi bilen kesgitlenilýär.
Çykyşlarda özgetrmeleriň maddy binýatlarynyň esasyny ykdysady ösüşiň görkezijileri kesgitleýär. Maýa goýum maksatnamasynyň giň möçberliligini täsin galdyryjy görkezijiler tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada uly guwanç bilen, şeýle diýip nygtaýar: “Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ykdysadyýetimize goýlan esasy maýa goýumlarynyň möçberi 450 esseden hem köp artdy we 600 milliard manada ýa-da 190 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Munuň 70 göterimi, ýagny 340 milliard manada ýa-da 130 milliard amerikan dollaryna golaý önümçilik pudagyna gönükdirildi. Bu serişdeler bize 2600-den hem köp önümçilik-tehniki we medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmaga mümkinçilik berdi.”Netijesinde köp pudakly ykdysadyýet emele getirildi, ol ykdysady we azyk garaşsyzlygyny üpjün etdi, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny, ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmagyň ygtybarly binýadyna öwrüldi. Özi hem jemi içerki önümiň 6,3 göterim derejede ýokary ösüşi üpjün edildi. Mundan başga hem, Türkmenistanda her ýyl aýlyk halklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyplaryň we diňleýjileriň haklary yzygiderli ýagdaýda 10 göterim ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda birnäçe ýyllaryň dowamynda durmuş ulgamyny maliýeleşdirilmäge Döwlet býudjetiniň çykdajylarynyň umumy möçberinden 75-80 göterimi durnukly ýagdaýda gönükdirirlýär, bu “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirirlen baş ugruň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini tassyklaýan, ykdysady syýasatyň durmuş ugurlylygyny görkezýär. Diňe 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 800-den gowrak desga guruldy we ulanmaga berildi. Bu ýokary sepgiitler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda edermen türkmen halkynyň dörediji, parahat söýüjilikli gujurynyň maddy taýdan durmuşa geçirlimeginiň netijesidir. “Halkyna uly ynamy bilderýän milli Liderimiz şeýle diýýär: “Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty onuň zähmeti bilen kesgitlenýär. Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we bolçulykda ýaşamagynyň easasydyr” diýip geçildi.
Häzirki zaman ylmy-tehnologik esasda mundan beýläk-de senagat taýdan ösen döwlet gurmak maksady bilen 2019-nji ýylyň 1-nji fewralynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmu-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” tassyklanyldy. Bu maksatnama sanlaşdyrmagy, IT-tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, pudaklaýyn ulgamlaryň hereket etmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we olaryň dolandyryş ulgamlarynda düýpli innowasion özgertmeleriň hil taýdan täze ugry bolup durýar. Häzirki wagtda şu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde önümçilik we durmuş ähmiýetli dürli desgalaryň 10500-synyň gurluşygy alnyp barylýar.
Ýokarda getirlien mysallar milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we onuň durmuşa gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň abadan durmuşy üçin tutanýerli zähmet bilen kuwwatly ykdysady esas döredildi we onuň kuwwaty artdyrylýar. Iň esasy zat-halk özüniň ählihalk tarapyndan saýlanylan milli Lisderiniň töweregine jebisleşdi, geçirilýän özgertmelere akyl ýetirdi we olara işjeň gatnaşýar, daşky gurşawy özgertýär, ony gülleýän mekana öwürýär, şunda milli häsiýetiň iň oňat sypatlaryny ýüze çykarýar, has dogeusy, häzirki zamanyň wajyp çagyryşlaryna jogap bermäge ukyply, taryhy hereketiň dörediji güýjüne öwrülýär.
Halkyň Arkadagynyň syýasaty-bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämilligiň, sazlaşygyň, döretmegiň we döredijiligiň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň, adalatlylygyň, deňhukuklygyň, bitewüligiň, watançylygyň, edermenligiň, zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň synagdan geçen ýolunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy şertlerdäki döredijiliginiň dowamydyr. Bu ýol kuwwatly demokratik, hukuk, dünýewi gülläp ösmegine, adalatly raýat jemgyýetiniň abadançylygyna, ähliumumy bagtly ýaşaýşa, hukugyň, erkinligiň we jogapkärçiligiň ähli jeminiň özara berk baglanyşygyna akyl ýetirýän şahsyýetiň kämilleşmegine alyp barýar. Bu ýol özüniň tutanýerli zähmet bilen ruhy baýlygy, maddy bolçulygy döredýän, mähriban topragyny gül açýan baga öwürýän halkda we her bir adamda özüniň dörediji güýjüne bolan ynamy oýarýar. Bu ýol-sazlaşyga, gülläp ösüşe we bagta alyp barýan dörediji hem-de ýokary ruhybelentlik ýoly. Wagyz-nesihat duşuşygyň soňunda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan ilkinji guramalaryň işjeň agzalaryna ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni Irina Hemrakuýyýewa