“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Beýik Ýeňiş 78 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler, maslahatlar, wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ynha, Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň medeniýet öýünde Saýat etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda “Gahrymanlar baky ýaşar gursakda” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat Saýat etrap häkimliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň jogap işgärleri, işjeň agzalary, il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneler, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň wekilleri we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň agzalary gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler öz çykyşlarynda 1941—1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda hem ildeşlerimiz batyrlygyň we gahrymançylygyň gaýtalanmajak nusgasyny görkezdi. Türkmen ýigitleriniň müňlerçesi uruş ýyllarynda Watan goragynda mert durup, gahrymanlarça söweşendiklerini we 78 ýyl mundan ozal, maý aýynyň gök gümmürdisi ýaly älemgoşar öwüşginli feýerwerkler asmana atyldy. Uzak garaşylan Ýeňşiň gelendigini buşlan şol pursatlar bu wakanyň taryhy gerimini we ähmiýetini dünýä äşgär edendigini ýatlap geçdiler. Çykyş edenler her ýylyň 9-njy maýynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde urşa gatnaşyjylar, tylda zähmet çekenler, weteranlaryň ýanýoldaşlary sarpalanýandyklaryny, konsert meýdançalarynda aýdym-sazlar, peşgeş berlen asuda durmuş üçin milli gahrymanlara hoşallyk sözleri ýaňlanýandyklaryny, Ýeňiş güni mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda gurnalýan dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam goýan parahatçylyk dörediji ýurdumyza — Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy has-da artýandygy bellediler. Dabaraly maslahatyň soňunda Saýat etrap medeniýet bölüminiň işgärleriniň joşgunly aýdym-saz çykyşlary dabaraly maslahata gatnaşyjylarda uly ruhybelentlik döretdi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa