Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärendeçileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde ýetişen galla hasylyny gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak boýunça ýörüte iş meýilnama düzlip bu iş guramçylykly dowam edýär. Barha gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsüminde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bolüminiň gurnamaklygynda günortanky arakesme wagtynda medeni çäreler guralýar. Şeýle çäreleriň bir-de Akgala daýhan birleşiginiň ak ekinli pellerinde geçirildi. Hywaçoý bagynyň salkyn saýaly medan düşelgesinde möwsüme gatnaşýan oba zähmetkeşlerine türkmeniň milli tagamlary, çaý-çörek, gök-miwe önümleri hödürlendi. Şeýle hem bu ýerde medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi. Jeren Amanowa, Ogulbagyt Garrybaýewa, Nurmuhammet Gurbanow, Perman Babajanow ýaly aýdymçylar Arkadagly Serdarymyzyň rowaç işlerini, ýurdymyzyň rysgal bereketini, daýhanlarmyzyň päk zähmetini wasp etdiler. Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň folklor topary hem daýhanlarmyzyň päk zähmetinden kemala gelýän guşgursak ak bugdaýyň gadyr-gymmatyny şöhlelendirýän sahna oýunlaryny oýnadylar. Kitaphana işgärleri-de gündelikdi çap edilýän gazet-£urnallardaky täzeliklerdir hoş habarlar bilen möwsüme gatnaşýanlary tanyşdyryp, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa baý eserlerinden parçalary okap, olaryň many-mazmuny bilen tanyşdyrdylar. Bu ýerde söwda-satuw işleri hem ýola goýlum, möwsüme gatnaşýanlaryň gündelikdi zerur harytlaryny satyn almaga mümkinçilik döredildi. Öňdeberyjylara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadigärlik soägatlar gowsyryldy. Şular ýaly çäreleriň geçirilmegi möwsüme gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlap, olaryň işe bolan höwesini artdyrmaga. galla oragynyň ýokary depginlerde gitmegine uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar Hojahmetowa