Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda welaýat kitaphanasynda Aşgabat şäheriniň güni, Soňky jaň we Haly baýramy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Agrar partiýanyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleri, işjeň partiýa agzalary, kitaphana işgärleri, talyp ýaşlar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Çykyş edenler Aşgabat şäheriniň güni, Soňky jaň dabarasy we Türkmen halysynyň baýramy barada täsirli çykyşlar etdiler. Esasan hem haly barada Halaçly halyçy zenanlaryň, Aşgabat şäheriniň güni barada TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň işgärleriniň, Soňky jaň dabarasy barada Türkmenabatly mugallymlaryň çykyşlary has täsirli bolup maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çykyşlarda Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen Aziýanyň merjen şäherine öwrülişi, mermer binalarynyň köplügi bilen Ginesiň Rekordlar kitabyna girmegi, mundan başgada Aşgabat şäherinde Oguz han suw çüwdürimler toplumynyň, döwlet baýdagymyzyň, Aşgabat şäherindäki halkara uçar menziliň, Teleradioýaýlymlar merkeziniň we ýene-de onlarça desgalaryň Ginesiň Rekordlar kitabyna girendigi, bu şäheriň dünýä belli şähere öwrülimeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçiren we geçirýän işleri buýsanç bilen bellenilip geçildi.
Çykyşlarda “Soňky jaň” dabarasy barada hem buýsançly sözler aýdylyp, ol güniň uçurymlary üçin ömür-baky ýatda galýan gününe öwrülýändigi, mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýolunyň ilkinji basgançagyny ätläp, nesip edenler okuwa, gulluga gidişi, kemala gelen oglan-gyzlaryň durmuş toýlaryny tutmaga hakly-hakanlydyklary barada aýdylyp geçildi.
Çykyşlarda Oguz han döwründen bäri dünýä halklaryny haýran galdyryp gelýän bir taraply, iki taraply, ýüň, ýüpek hälylary, hala salynýan nagyşlar, göller barada täsirli çykyşlar etdiler. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halyçylar üçin täze haly dokalýan sehleriň gurlup berilmegi, her ýyl halyçylaryň ençemesine döwlet sowgatlarynyň, orden-medallaryň dakylmagy bizi uly ruhlandyeýar diýip halyçy gyzlar buýsanç bilen belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow