Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Gallaçylaryň armasy ýetirilýär.

            Gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsüminde medeniýet-sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalar bilen bilelikde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň aralarynda bolup, olaryň armasynyny ýetirýärler, gysga wagtlyk günortanlyk arakesme wagtynda olara medeni hyzmatlary görkezýärler. Şeýle medeni çäreleriň biride Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 8-mart daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Baýramdurdy Atabaýewiň  4.90 gektar bugdaý meýdanynyň golaýyndaky bagda geçirildi.

          Salkyn saýaly tebigat goýnunda geçirilen bu zähmet çäresinde türkmeniň milli tagamlary taýýarlanyp, bişme bişirilip, gawun-garpyz kesilip, kombaýynçylara, kärendeçilere hödür kelam edildi. Etrabyň tanymal aýdymçy oglan-gyzlary aýdym-sazly çykyşlary, joşgunly tanslary bilen oba zähmetkeşlerine ruhy lezzet paýladylar. Bossan Haýbatowa, Şatlyk Seýitmyradow türkmen halk aýdymlaryny, Begenç Döwletnazarow, Mähri Hudaýberdiýewa estarda aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Olar şirin owazly aýdym sazlarynda päk zähmeti, hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarymyz ýurdymyzda rowaçlyklara beslenýän beýik işlerini  wasp etdiler. Şeýle hem kitaphana işgärleride Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän dürli ugurlardaky kitaplarynyň many mazmunyny düşindirmekde, ýurdymyzda çap edilýän gazet-žurnallardaky täzelikler bilen tanyşdyrmakda işjeňlik görkezdiler. Bu ýerde söwda satyk işleride ýola goýlup, gallaçy kärendeçiler, kombaýynçylar, galla daşaýan awtoulag sürüjiler  azyk önümlerini, gündelik zerur bolýan dürli harytlary satyn alamaga mümkinçilik döredildi. Bu bolsa olaryň wagtlaryny tygşytlap, öňkidende öndürjilikli işlemäne giň ýol açdy. Medeni çäräniň ahyrynda gallaçy kärendeçilere, kombaýynçylara, galla daşaýan awtoulag sürüjilere jemgyýetçilik guramalaryň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşyryldy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni. Çynar Berdikulyýewa