Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Oba hojalyk toplumynyň  bilelikde guramagynda Türkmeniň bedew milli baýramy  mynasybetli baýramçylykdabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarysynda çykyş edenler Bedew-her bir ynsanyň ýakyn dosty, syrdaşy. Tebigatyň gözel goýnuna atly gezelenç etmek, uzak aralyga at çapmak, at münmek ynsan saglygy üçin diýseň ähmiýetlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk sportynyň ösdürilmegi bilen ýurdumyzda at çapyşyklary, päsgelçiliklerden böküp geçmek ýaly birnäçe ýaryşlar yzygiderli geçirilýär diýlip maslahatda çykyş edenler bellediler. Häzirki wagtda her bir baýramçylygyň, toýuň bezegine öwrülen gamyşgulak bedew atlarymyz biziň gözümiziň guwanjydyr. Köňlümiziň buýsanjydyr. Bedew bady bilen ösýän özgerýän ata Watanymyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramynyň ulydan bellenilmegi ýurdumyzda bedew atlara bolan hormatdan, sylagdan nyşandyr diýip çykyşlarynda belläp geçdiler.

 

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Şalykowa Ogulgerek