Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Kerki etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda Kerki etrabynyň Medeniýet merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrabymyzyň edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän önümçilgiň öňde baryjylary, hormatly il ýaşulylar, kümüş saçly eneler, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri hem-de etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylary gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri, il sylagly ýaşulylar çykyş edip, ata Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdiler we dabara gatnaşyjylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gyzgyn gutladylar. Bu dabaraly çärede medeniýet we sungat işgärleriniň, aýdymçylaryň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary, baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen halkynyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow