Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda her bir günümiz toýdur baýramlara şanly senelere beslenýär. Ynha hem bu günler gözel ülkämize Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy ýetip gelýär.
Garaşsyzlyk bu biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 33 ýylyň dowamynda Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi.
Ine şu sebäpli hem Lebap welaýat Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde “Garaşsyzlyk buýsanjymyz” atly dabaraly çäresini geçirdi. Bu dabaraly maslahata Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher komitetleriniň jogapkär işgärleri we Ilkinji partiýa guramasynyň başlyklary, işjeň agzalar we Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu dabaraly maslahatda Garaşsyzlyk barada we Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler barada gürrüň edildi. Dabaraly çäräniň dowamynda öňde baryjy işjeň agzalara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Garaşsyzlyk bu biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir we beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at abraýymyzdyr hem-de şan şöhradymyzdyr. Bizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan ýagty geljege alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli alyp barýan işleri rowaçlayklara beslensin. Baýramlaryňyz gutly bolsun mähriban ildeşler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni Gülzara Bekmamedowa