Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni!

Häzirki döwurde syýasy, ykdysady, durmuş, ekologiýa, hukuk, medeniýet, ylym-bilim, sport hem-de ýaşaýyş durmuşynyň beýleki ulgamlarynda amala aşyrylýan köp jähtli özgertmeleriň üstünligi olaryň türkmen halkynyň milli, ruhy we maddy gymmatlyklaryny dikeltmek bilen häzirki zaman innowasion tehnnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň sazlaşygy esasynda berk durmuşa gönükdirilendigi bilen kesgitlenilýär.

Häzirki zaman ylmy-tehnologik esasda mundan beýläk-de senagat taýdan, oba hojalyk pudagyndan  ösen döwlet gurmak maksady bilen 2014-nji ýylyň 28-nji sentaýbrynda Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen Türkmenistanyň Agrar partiýasy döredildi.

Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, şäher, etrap komitetleri we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde Lebap welaýatynyň “Türkmenistan” toý mekanynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilen güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasynda medenýet talyplary Garaşsyzlygymyzy wasp edip aýdan aýdymlary, sahnalaşdyran täsirli çykyşlary, tanslary dabara gatnaşan işldeşlerimize ruhybelentlik paýlady.

Biz hem öz gezegimizde, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri bolup, şeýle-de edara kärhanalarda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary bilen Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba-senagat toplumyny ösdürmekde alyp barýan syýasatyny ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýäris. Oba hojalygynda geçirilýän möwsümleýin işlerine, köpçülik çärelerine gatnaşyp, kärendeçileriň, mehanizatorlaryň arasynda ýaryşlar gurnap, ýeňijileri höweslendirýäris.

Dabaraly çärede ilkinji partiýa guramasynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, şäher, etrap komitetleriniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň baş buhgalteri Nowça Muradowa