Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabriginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň we etrap häkimliginiň bilelikde gurnamaklygynda “Geçmişden geljege nurdyr Pyragy” ady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Wagyz-nesihat ýygnagyna il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, agrar partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Akyldar şahyryň doglan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat ýygnagynda TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Amangylyç Golbaýew, il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, etrabyň 16-njy orta mekdebiniň mugallymy Oguljennet Begmyradowa, etrabyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Abdymyrat Ahmetow, etrabyň merkezi kitaphananyň kitaphanaçysy Ogulsuraý Amanowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiliginiň üstünden üç asyr geçen hem bolsada diňe bir öz döwletimizde däl eýsem dünýä halklary tarapyndan sylag hormat goýýandygy, gadyr-gymmatynyň barha arşa galýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň her bir goşgusy, eserleri ýaş nesillerimizi zähmetsöýer, il-halkyny wepaly, edep-terbiýeli edip etişdirmekde örän ähmiýetlidigi barada çykyş etdiler. Milli gymmatlyklarymyza taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimize uly sylag hormat goýýan, onuň çeper döredijiligini dünýä ýüzinde has-da dabaralandyrmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli tutymlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin diýip wagyz-nesihat ýygnagynyň ahyrynda çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA